Ilkinji çärýek finalçy belli boldy

2

Demirgazyk Amerikada dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynda 1/8 finalyň oýunlaryna badalga berildi. Hýustondaky NRG Stadium-da oýnalan Kanada – Marokko duşuşygynyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen Marokkonyň ýygyndysy 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Afrikanyň wekiline ýeňiş getiren gollary 50-nji we 82-nji minutlarda Azzeddin Unahi bilen 90+8-nji minutda Sufian Rahimi geçirdi. Rahimi duşuşygyň 22-nji minutynda şikes alan Saibariniň ornuna meýdança girdi. Şeýle-de, oýunda 2 goluň pasyny beren Brahim Diaziň bu çempionatdaky asistleriniň sany 4-e ýetdi. Ol şeýle statistika ýeten ilkinji afrikaly futbolçy bolmagy başardy.

Şunlukda, Marokkonyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek çärýek finala çykdy. Şeýle netije Afrika yklymynyň wekilleriniň arasynda ilkinji gezek hasaba alyndy. Umumylykda afrikalylar 5-nji gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy.

Marokkonyň ýygyndysy çärýek finalda Fransiýanyň ýa-da Paragwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar.

3 ýer eýesiniň biri bolan Kanadanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji ýeňşini gazanan çempionatynda ilkinji sapar 1/6 finalda oýnady.