Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çölleşmäge garşy göreşmek, çöl ykdysadyýetini ösdürmek we «ýaşyl şäher» ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin niýetlenen toplumlaýyn strategiýany tassyklady. Döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze maksatnama çäkleriniň, takmynan, 80 göterimini çöl we ýarym çöl zolaklary tutýan sebitde howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga gönükdirilendir.
Resmi maglumatlara görä, ýurtda ekilýän ýaşyl agaçlaryň derejesi, eýýäm, 2020-nji ýyldaky 8 göterimden 2025-nji ýylda 14,3 göterime çenli ýokarlandy. Munuň özi, ilkinji nobatda, Aral deňziniň guran düýbünde 2 million gektardan gowrak meýdanda tokaý zolaklarynyň döredilmegi arkaly amala aşyryldy. Tassyklanan täze meýilnama bolsa 1,27 million gektar meýdanda tokaýlary dikeltmegi hem-de gurak ýerlerde guraklyga çydamly ösümlikleriň nahalhanalaryny döretmegi, galofitleri ösdürip ýetişdirmegi we öri meýdan maldarçylygyny ösdürmek arkaly girdejiniň täze çeşmelerini kemala getirmegi göz öňünde tutýan «çöl ykdysadyýeti» konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtda resminama sebit derejesinde, ýagny, Merkezi Aziýada ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş sebit ylmy-barlag merkeziniň işini giňeltmek, «Ýaşyl galkan» maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmak we 2040-njy ýyla çenli döwri öz içine alýan uzak möhletleýin sebit strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Şäher gurluşygy ulgamynda bolsa «Green Samarkand» atly synag taslamasy tassyklanyp, oňa laýyklykda 2030-njy ýyla çenli Samarkand şäherinde howanyň hapalanma derejesini iki esse azaltmak, jemgyýetçilik ulaglaryny elektrik toguna geçirmek, şäheriň daşyndan uzynlygy 102,7 kilometre barabar bolan gorag «ýaşyl guşagyny» döretmek, şeýle hem ekologiýa taýdan ýokary howply diýlip ykrar edilen 8 sany iri senagat kärhanasyny şäheriň çäginden daşary çykarmak göz öňünde tutulýar.
PDF









