Hytaýyň «Tianwen-2» kosmos zondy 1 milliard kilometre golaý aralygy geçip, «2016HO3» asteroidine çenli 20 kilometrlik aralyga ýetdi we ylmy barlaglara başlady. Hytaýyň Milli kosmos müdiriýetiniň (CNSA) habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda uçurylan bu zond ýakyn wagtda asteroidiň formasy, düzümi barada maglumatlary ýygnap, ondan nusgalary alar. On ýyllyk missiýanyň çäklerinde enjam, şeýle hem, Marsdan aňyrdaky «311P» kometasyny hem öwrener.
PDF









