Litwanyň Hökümetiniň täze düzümi tassyklanyldy

1

Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda ýurduň Sosial-demokratlar partiýasynyň lideri Mindaugas Sinkýawiçýusyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekdi. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany Premýer-ministr tarapyndan hödürlenen ministrleriň dalaşgärligini makullady. Täze hökümet Seýmde (parlamentde) öz maksatnamasy tassyklanylandan soň resmi taýdan işe girişer.

Täze Kabinetiň düzümine ozal hem möhüm edaralara, şol sanda Daşary işler, Goranmak we Ykdysadyýet ministrliklerine ýolbaşçylyk eden ýokary wezipeli resmiler bilen bir hatarda täze agzalar hem girdi. Şunda Sinkýawiçýusdan öň Premýer ministr wezipesini eýelän Inga Ruginene täze hökümetde zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine bellendi.

Ýeri gelende ýatlasak, Inga Rugineneniň ýolbaşçylygyndaky hökümet dolandyryjy koalisiýadaky üýtgeşmeler sebäpli şu ýylyň 23-nji iýunynda iş başyndan çekilýändigini mälim edipdi. Inga Ruginene 2025-nji ýylyň awgust aýynda Premýer-ministrlige bellenipdi we onuň hökümeti geçen ýylyň sentýabrynda Seýmde kasam kabul edipdi. Şunlukda, bu çäre Litwanyň parlamentiniň häzirki çagyrylyşynda hökümet düzüminiň ikinji gezek çalşylmagydyr.