«Numbeo» halkara maglumatlar bazasynyň dünýäniň 547 şäherini öz içine alýan täze reýtingine görä, Şweýsariýanyň Sýurih şäheri 123,1 görkeziji bilen ýaşamak üçin iň gymmat şäher diýlip ykrar edildi. Bu barlagda gündelik azyk önümleriniň, kafe-restoranlaryň, ulag hyzmatlarynyň bahalary we kommunal tölegler ýaly zerur çykdajylar deňeşdirilip, ýaşaýyş jaýlarynyň kärende hem-de satyn alyş tölegleri hasaba alynmady.
Ýylyň ortalaryna çenli bolan görkezijilere görä, dünýäniň iň gymmat ilatly nokatlarynyň ilkinji onlugynyň agramly bölegini Şweýsariýanyň şäherleri eýeledi. Bu sanawyň diňe ikinji we onunjy orunlaryna degişlilikde Jorjtaun (Kaýman adalary) we Gonolulu (ABŞ) ýaly şäherler ýerleşdi. Şeýle-de dünýäniň beýleki iri şäherlerinden Tel-Awiw 11-nji, Waşington 15-nji, London 24-nji, Pariž 49-njy we Berlin 101-nji ýerde orun aldy. Şol bir wagtda, Hindistanyň şäherleri ýaşamak üçin dünýäniň iň arzan we elýeterli ýerleri diýlip ykrar edildi. Ady agzalýan ýurduň jemi 19 sany şäheri bu halkara reýtingiň iň soňky setirlerini eýeläp, dünýäde ýaşamak üçin iň arzan we elýeterli ýerler hökmünde orun aldy.
PDF









