Dartgynly, çekeleşikli geçen we jedelli pursatlara baý bolan 1/8 finalyň oýunlary tamamlanyp, indiki gezek çärýek finalyň duşuşyklarynda. Çärýek finala çykan toparlaryň 6-sy Ýewropanyň wekilleri bolup, Afrikadyr Günorta Amerikadan hem 1 topar atlaryny iň gowy 8 ýygyndynyň hataryna goşdy. Ýewropalylaryň 4-si özara duşuşar. Bu bolsa Ýewropanyň azyndan 2 toparynyň ýarym finala çykjakdygyny aňladýar.

FRANSIÝA – MAROKKO
Çärýek finalyň 1-nji duşuşygy Fransiýa bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda bolup, duşuşyk penşenbeden anna gününe geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar. Argentinaly Fakundo Telýonyň eminlik etjek oýny Bostondaky Gillette Stadium-da oýnalar.
Bu duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 7-nji oýun bolar. Mundan öňki 6 oýnuň 4-sinde fransuzlar ýeňiş gazanyp, 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Gollarda fransuzlar 14-6 öňde bolup, 2 topar Dünýä Kubogynyň çäginde 2-nji gezek gabatlaşarlar. Olaryň birinji duşuşygy 4 ýyl öň Katardaky çempionatyň ýarym finalynda bolupdy we Fransiýa Teo Hernandes hem-de Kolo Muaniniň gollary bilen 2-0 hasabynda utupdy.

ISPANIÝA – BELGIÝA
Çärýek finalyň 2-nji duşuşygy anna gününden şenbe gününe geçilýän ýarygijede başlanjak Ispaniýa – Belgiýa oýnudyr. Los Anjelesdäki SoFi Stadium-da oýnaljak bu duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder. Toparlaryň ikisi mundan öň 23 gezek özara duşuşyk geçirdi. Şolaryň 12-sinde Ispaniýa, 5-sinde Belgiýa ýeňiş gazanyp, 6 oýunda üstün çykan bolmady (46-22 gol). Ispaniýa bilen Belgiýanyň ýygyndylary Dünýä Kubogynda 3-nji gezek duşuşarlar. Olaryň birinjisi 1986-njy ýylda çärýek final duşuşygy bolup, esasy wagty 1-1 tamamlanan oýunda penaltileriň netijesinde Belgiýa matadorlardan üstün çykypdy. Ikinji duşuşyk 4 ýyl soň Italiýa 1990-da toparçada oýnalyp, Ispaniýa Miçel (p) hem-de Gorrisiň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

NORWEGIÝA – ANGLIÝA
Çärýek finalyň 3-nji oýny şenbe gününden ýekşenbe gününe geçilýän gije 02:00-da başlanjak Norwegiýa – Angliýa duşuşyk bolup, ol Maýami Gardensdäki Hard Rock Stadium-da oýnalar. Bu 2 ýygyndy mundan öň 16 gezek duşuşdylar. Şolaryň deň ýarysynda, ýagny 8 oýunda iňlisler ýeňiş gazandy. 2 duşuşyk norwegleriň peýdasyna tamamlanyp, 6 oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Gollarda 33-14 Angliýanyň ýygyndysy ep-esli öňde barýar. Nobatdaky oýun olaryň Dünýä Kubogynyň çäginde özara geçirjek ilkinji duşuşygy bolar.

ARGENTINA – ŞWEÝSARIÝA
Bir Dünýä Kubogynyň çäginde ilkinji gezek 100-den köp duşuşyk geçiriler. 100-nji duşuşyk hem çärýek finalyň iň soňky oýny bolup, onda Argentina bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Oýun ýekşenbe güni daňdan 06:00-da başlar. Argentina bilen Şweýsariýanyň arasyndaky bu oýun olaryň özara 8-nji duşuşygy bolar. Öňki 7 oýunda Argentina 5 gezek ýeňiş gazanyp, 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Argentinleriň 15 goluna şweýsarlar 3 gol bilen jogap berdi. Olar Dünýä Kubogynyň çäginde 3-nji gezek duşuşarlar. Öňki 2 oýnuň birinjisi 1966-njy ýylda hasaba alnyp, toparçadaky şol duşuşykda tangoçylar Artime we Oneganyň gollary esasynda 2-0 hasabynda utupdy. Olar 2-nji gezek 2014-nji ýylda Braziliýada duşuşdylar. 1/8 finaldaky şol oýunda Argentinanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Anhel Di Mariýanyň ýeke-täk goly esasynda ýeňşini baýram edipdi.
10-njy iýul (penşenbeden anna geçilýän gije)
FRANSIÝA – MAROKKO (01:00) – Gillette Stadium (Boston) – Fakundo Telýo (Argentina)
11-nji iýul (annadan şenbä geçilýän gije)
ISPANIÝA – BELGIÝA (00:00) – SoFi Stadium (Los Anjeles) – Maýkl Oliwer (Angliýa)
12-nji iýul (şenbeden ýekşenbä geçilýän gije)
NORWEGIÝA – ANGLIÝA (02:00) – Hard Rock Stadium (Maýami Gardens)
12-nji iýul (ýekşenbe güni daňdan)
ARGENTINA – ŞWEÝSARIÝA (06:00) – Arrowhead Stadium (Kansas Siti)
PDF









