Şu hepdede dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa korporasiýalary tarapyndan emeli aň ulgamynda möhüm täze modelleriň we täzelenmeleriň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Hususan-da, «OpenAI» kompaniýasy özüniň iň kuwwatly emeli aň modeli bolan «GPT-5.6»-ny giň jemgyýetçilige resmi taýdan elýeterli edýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu ulgamyň kämilleşen «Sol», orta derejeli «Terra» we tygşytly «Luna» ýaly görnüşleri ulanyjylara hödürlär.
Şunuň bilen bir hatarda, Ilon Maskyň «SpaceXAI» (xAI) taslamasy «Anysphere» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda maglumatlary ýokary tizlikde işlemäge ukyply täze emeli aň modelini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Şol bir wagtda, «Meta» korporasiýasy hem tekstli görkezmeler esasynda ýokary hilli şekilleri döretmäge mümkinçilik berýän «Muse Image» atly ilkinji modelini ulanmaga berdi.
PDF









