Türkmen pälwanlarynyň üstünligi

3

Kolumbiýanyň Kali şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri şowly netijeler gazanýar.

Şu wagta çenli geçirilen bäsleşiklerde gyzlaryň arasynda Ogulşat Amanowa öz agram derejesinde, ýagny 53 kg agram derejesinde Dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Ildeşimiz birbada götermekde 86, itekläp götermekde 105, jemi 191 kg agramy galdyryp, münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Bu agram derejesinde ýurdumyzyň başga bir wekili Şabnam Kerimbaýewa itekläp götermekde 105 kg agram bilen 2-nji ýeri eýeledi. Ol umumy agramda derejesinde 188 kg agram bilenem 3-nji orna mynasyp boldy. Bu agram derejesinde filippinli Jodie Peralta münberiň 2-nji basgançagyna çykdy.

Oglanlaryň arasynda 60 kg agram derejesinde bolsa türkmenistanly pälwan Atabek Azamatow itekläp götermekde 116 kg agram bilen kiçi altyn medaly eýeledi. Ol umumylykda 249 kg agram bilen kümüş medala mynasyp boldy. Ildeşimiz umumy agramda altyn medalyň eýesi meksikaly Wiktor Mendesden 1 kg az göterdi.

Türkmenistanly pälwanlar umumy medal sanawynda 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç, jemi 3 medal bilen 3-nji orunda barýarlar. Kiçi medallary-da hasaba alanyňda, ildeşlerimiziň 7 medaly bar.