Türkmen halkynyň buýsanjy, milli gymmatlygy we wepadar hemrasy bolan ahalteke bedewleri dünýäde iň gadymy hem-de owadan at tohumlarynyň biri hasaplanýar. Ahalteke bedewleri özüniň gelip çykyşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, bu tohum mundan 3-5 müň ýyl ozal kemala gelipdir. Türkmenistanyň sähra şertlerinde kemala gelen bedew atlar çydamlylygy, duýgurlygy we üýtgeşik beden gurluşy bilen tapawutlanýar. Ahalteke atynyň taryhy diňe bir haýwanat dünýäsiniň däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Alymlar onuň gelip çykyşyny iň gadymy medeniýetleriň biri bolan Änew medeniýeti we Altyndepe bilen baglanyşdyrýarlar. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan at şekilleri we şaý-sepleri türkmen sährasynda eýýäm müňlerçe ýyl mundan ozal atçylygyň iň ýokary derejä ýetendigini subut edýär.
Gadymy Hytaý çeşmelerinde bu atlara «Gany derleýän behişdi bedewler» diýlip at berlipdir. Hytaý imperatorlary öz goşunlaryny güýçlendirmek we «asman atyndan» nesil almak üçin uly ýörişleri gurapdyrlar. Bu bedewler sähranyň sary çägesinde, yssyda taplanyp we suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanyp, iň kyn şertlerde-de çydamlylyk görkezipdirler.
Ahalteke bedewleri türkmen edebiýatynda hem giňden wasp edilipdir. Ahalteke bedewleri «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda, nusgawy şahyrlardan Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mollanepesiň we Mätäjiniň goşgularynda giňden wasp edilipdir. Mysal üçin, Magtymguly Pyragy özüniň «Aty gerek» atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär. «Bedewe gowy seretseň, bakyp-bejerseň, ol saňa zürýadyň ýaly hem syrdaş, hem ýoldaş bolar» diýip, tarypyny ýetirýär.
Ahalteke atlaryny beýleki tohumlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar:
Keýik boýunlylygy: uzyn we syrdam boýunlary olara aýratyn görk berýär. Inçe bil we uzyn aýaklar: bu gurluş bedewe ýyldyrym çaltlygyna bökmäge we ýüwürmäge mümkinçilik berýär. Ýüpek ýaly tüýi: bedewleriň teni Güne öwşün atyp, altyn ýa-da kümüş reňkde lowurdaýar. Şol sebäpli olara dünýäde «Altyn atlar» diýilýär. Türkmen bedewi eýesine wepadarlygy bilen tanalýar. Ol öz eýesiniň sesini, hatda ýörişini hem tanaýar.
Türkmen halky asyrlarboýy at seýislemegiň özboluşly mekdebini döredipdir. Seýisler bedewleriň ruhy dünýäsine hem düşünipdirler. Atlaryň iýmitine aýratyn üns berlip, olara kişmiş, hoz, jöwen we ýorunja ýaly ýokary hilli iýmitler berlipdir. «Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen nakyl halkymyzyň durmuşynda bedewe goýulýan sarpanyň ýokarydygyny görkezýär.
Türkmen seýisçilik mekdebi – bu dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly maddy däl medeni mirasdyr. Seýisler atyň häsiýetine görä aýratyn çemeleşme tapýarlar.
Seýisçiligiň esasy sütünleri:
Iýmit kadalary: bedewlere arpa, ýorunja we beýleki iýmitler ölçegli berilýär. Bedewiň bedeni artykmaç ýagdan däl-de, polat ýaly berk muskullardan ybarat bolmalydyr. Örtük we ideg: atlar gyşyna sowukdan, tomsuna yssydan goralyp saklanýar. Bedewiň endamynyň öwşün atyşy seýsiň atyna bolan hyzmatynyň netijesidir. Ruhy baglanyşyk: türkmen seýisleri at bilen gürleşmegi başarýarlar. At eýesiniň her bir hereketini, sesiniň gatylygyny we hatda ruhy ýagdaýyny hem duýýar. Bu bolsa, bäsleşiklerde atyň we çapyksuwaryň bitewi bir göwrä öwrülmegine getirýär.
Bedewiň şaý-sepleri hem bu sungatyň bir bölegidir. Altyn-kümüşden ýasalan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen göwüsbentler, alajalar we eýerler diňe bir bezeg däl, eýsem, bedewe goýulýan sarpanyň alamatydyr.
Ahalteke bedewi dünýädäki beýleki köp sanly meşhur at tohumlarynyň, şol sanda arassa ganly iňlis atynyň, traken, hanower we arap atlarynyň kemala gelmegine uly täsir edipdir.
Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli künjegindäki atşynaslary birleşdirdi. Onuň döredilmegi atçylyk pudagynda beýleki döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny dünýä ýaýmaga giň ýol açýar. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň hem-de Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alyp barýan işleri has-da buýsandyryjydyr. Bu ýokary okuw mekdebi ýaş hünärmenleri taýýarlamakda we bu ugurda ylmy barlaglary alyp barmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Halkymyzyň asylly däpleri sarpalanyp, 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Her ýylyň iň owadan bedewini saýlamak iň gyzykly dabaralaryň biridir. Çapyşyklar we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesindäki çykyşlary bedewiň sportdaky mümkinçiliklerini görkezýär. Bu toparyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen Tuguny belentde parladyp, Altyn baýraga mynasyp bolmagy ýurdumyzyň at-abraýyny Ýer ýüzüne ýaýdy. Bu toparyň agzalarynyň çapyp barýan atyň üstünde çalasyn hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, sungat gözelliklerini döretmegi ýokary sport ussatlygyny hem talap edýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzda atly sportuň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşlaryň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Toparyň at üstündäki oýunlary dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.
Alym Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlarboýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Emma olaryň ählisi gaýtalap döredip bolmajak gözelligi hem-de umumadamzat ähmiýetliligi bilen bütin dünýä öwrülip gidibermändir. Hut şonuň üçinem, taryhyň gatlaryna nazar aýlanyňda, akylyňy haýrana galdyryjy gözellikleri döredip, dünýä medeniýetine, adamzat ösüşine uly goşant goşan halklaryň juda kän däldigine göz ýetirmek kyn däl. Türkmen aty, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy-bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylary we göze dürtülip duranlarydyr. Bu halkyň ýadygärligi onuň özüdir. Çünki, şol taryhyň çarkandakly ýollaryna garamazdan, bäş müň ýylyň dowamynda ol özüniň dörediji halk diýen ilkibaşdaky mertebesini saklamagy başardy. Şu ýerde ahalteke bedewiniň buýsançly keşbi halkyň özüniň taryhynyň simwoly hökmünde çykyş edýär» diýip belleýär.
Bulardan başga-da, 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen atçylyk sportuny ösdürmegiň mümkinçilikleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle hem atlar ösdürilip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Atçylyk sportunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny hem-de atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrülýär.
Umuman, ahalteke bedewleri ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrýar. Eziz Diýarymyz häzirki wagtda at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Bedew bady bilen ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri bagtyýar raýatlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslensin.
Ýunus Muhammedow,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
PDF









