Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da meý­da­ny 1,22 mil­li­on ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan, dün­ýä­de iň iri ha­sap­lan­ýan tä­ze de­mir ýol men­zi­li ulan­ma­ga be­ril­di. Bu ägirt uly des­ga Leýp­si­giň Ýew­ro­pa­daky iň iri «Haupt­bahn­hof» men­zi­lin­den 15 es­se, Ýa­po­ni­ýa­nyň «Na­go­ýa» men­zi­lin­den bol­sa üç es­se ulu­dyr. Çun­sin şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu top­lum 170 fut­bol meý­dan­ça­sy­na ba­ra­bar çägi öz içi­ne alyp, ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­lar üçin ni­ýet­le­nen dün­ýä­niň iň iri ulag mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Hy­ta­ýyň soň­ky 30 ýy­lyň do­wa­myn­da alyp bar­ýan dü­züm­le­ýin öz­gert­me­le­ri­niň we döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky üs­tün­lik­li ädi­mi­dir. Hä­zir­ki wagt­da HHR dün­ýä­de iň uzyn – 50 müň ki­lo­metr­den gow­rak ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol ul­ga­my­na eýe bo­lup, bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hy­taý öz ösü­şi­ni in­že­ner­çi­lik we­zi­pe­si hök­mün­de ka­bul edip, ýol­la­ryň, köp­rü­le­riň, elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň we beý­le­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Çun­sin şä­he­ri­niň bu stra­te­gi­ýa­nyň mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi bol­sa, ýur­duň «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy we söw­da ýol­la­ry­ny di­kelt­mek ug­run­da­ky ägirt uly me­ýil­na­ma­la­ry­nyň bin­ýat­lyk bö­le­gi bo­lup dur­ýar.