Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň täze Konstitusiýasynyň taslamasynyň köpçülige ýetiriljekdigini mälim etdi. Hökümet Baştutanynyň žurnalistlere beren beýanatyna görä, resminamanyň mundan ozal yglan edilmezligine ýurtda geçirilen parlament saýlawlary sebäp boldy. Ýurtdaky iň esasy kanunyň taslamasyny degişli derejede ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ony çap etmegiň möhletini yza süýşürmek barada karar kabul edildi. Mundan ozal Premýer-ministr Ermenistanyň raýatlary bilen halkyň isleglerine we bähbitlerine doly laýyk geljek täze Konstitusiýany kabul etmegi syýasy maksat edinip goýupdy.