Günbatar Ýewropa sebitinde meteorologik synlaryň taryhynda iň yssy iýun aýy hasaba alyndy. Ýewropa Bileleşiginiň «Copernicus» klimatik gullugynyň we Beýik Britaniýanyň «The Guardian» gazetiniň maglumatlaryna görä, sebitde iýun aýynyň ortaça howa temperaturasy 1991–2020-nji ýyllaryň kadasyndan 3,06 °C ýokary boldy. Alymlar yzygiderli güýçlenýän aşa yssy howanyň täze klimatik hakykylyga öwrülýändigini duýdurýarlar. Global derejede bolsa 2026-njy ýylyň iýun aýy taryhdaky ikinji iň yssy aý boldy we ol senagatlaşma döwründen öňki görkezijiden 1,39 °C ýokary geçdi. Şunuň bilen bir wagtda Dünýä ummanynyň ýüzüniň temperaturasynda hem iň ýokary rekord görkezijiler bellendi.
«Copernicus» gullugynyň klimatology Samanta Berjessiň bellemegine görä, klimatik ulgamda ýylylygyň toplanmagy has dowamly hem-de güýçli yssylygyň döremegine, ummanlaryň gyzmagyna we adamlaryň saglygyna, ekoulgamlara hem-de möhüm infrastruktura abanýan töwekgelçilikleriň artmagyna getirýär. Soňky alty hepdede Günbatar Ýewropa eýýäm üçünji gezek aşa yssy howanyň täsirine düşdi. Guraklyk sebäpli tokaý ýangynlary çalt ýaýraýar. Ýewropanyň tokaý ýangynlary baradaky maglumat ulgamynyň (EFFIS) görkezijilerine görä, ÝB ýurtlarynda ýanan meýdanlaryň möçberi ýylyň şu döwri üçin ortaça görkezijilerden 56 göterim ýokary boldy. Hususan-da, Fransiýada 35 müň gektardan, Ispaniýada bolsa 55 müň gektardan gowrak tokaý we tebigy meýdanlar weýran boldy.
Ekspertler dörän ýagdaýy ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary sebäpli dörän klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hasaplamalaryna görä, soňky dört ýylda Ýewropada aşa yssy howa sebäpli 200 müňe golaý adam aradan çykdy, munuň uly böleginiň öňüni degişli uýgunlaşma çäreleri arkaly alyp bolardy. Adam ömürlerini halas etmek üçin hünärmenler ilatyň goragsyz gatlaklaryna sowadyjylary gurnamagy, binalary daşyndan ýörite galkanlar we penjire saýawanlary arkaly kölegelendirmegi, sowadyş merkezlerini döretmegi hem-de saglygy goraýyş ulgamyny berkitmegi maslahat berýärler.
Şeýle hem şäherlerdäki bag-bossanlyklaryň we agaçlaryň kölegesiniň howany ep-esli sowatmaga ukyplydygy bellenilýär. Emma Energiýa we klimat barlaglary merkeziniň (ECIU) täze seljermesi Beýik Britaniýanyň bu ugurda Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan ep-esli yza galýandygyny görkezýär. Ýewropa şäherlerinde ortaça bagy-bossanlyk derejesi 30 göterime golaý bolsa, Britaniýada bu görkeziji bary-ýogy 18 göterime deňdir. Ýurt boýunça iň pes görkeziji Bernli şäherinde (11%), iň ýokary görkeziji bolsa Gilfordda (37%) hasaba alyndy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Barselonada bu görkeziji 31 göterime, Nissada bolsa 39 göterime ýetýär. Geçirilen barlaglar gür ýaprakly agaçlaryň bar bolan ýerlerinde howanyň temperaturasynyň yssy günlerde 4 °C pes bolýandygyny subut etdi. Alymlar ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary azaldylmasa we täze klimatik şertlere taýýarlyk görülmese, tebigy hadasalaryň has-da weýrançylykly boljakdygyny nygtaýarlar.