Fransiýanyň Hökümeti ýurtda ýüze çykan ýaşaýyş jaý çökgünligini aradan aýyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň çäginde 2030-njy ýyla çenli 2 million täze ýaşaýyş jaýyny gurmagy meýilleşdirýär. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Premýer-ministr Sebastýen Lekornýu Parižiň töwereklerindäki Rosni-su-Bua şäherçesinde guralan çärede çykyş edip, 2026-njy ýylyň býujetiniň çäginde ýaşaýyş jaý syýasaty bilen bagly durmuşa geçiriljek çäreleri mälim etdi. Hökümet Baştutany ilaty ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegiň ýurduň iň möhüm meseleleriniň biridigini we ony yza süýşürmegiň mümkin däldigini aýratyn nygtady.
Kabul edilen täze maksatnama laýyklykda, ýurtda her ýylda 400 müň sany täze jaý gurlup, ulanmaga berler. Bu taslama Hökümetiň iň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Az üpjünçilikli ilat gatlaklary üçin Ýaşaýyş jaý üpjünçilik gaznasynyň şu ýyl çap eden hasabatyna görä, häzirki wagtda Fransiýada 350 müňe golaý öýsüz adam bar. 4,2 milliondan gowrak adam bolsa talaplara laýyk gelmeýän, amatsyz şertlerde ýaşaýar. Hökümet bu uly göwrümli gurluşyk taslamasynyň kömegi bilen ýaşaýyş-durmuş düýpli gowulandyrmagy maksat edinýär.
PDF









