Laos Halk Demokratik Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy. 10-njy iýulda Pekin şäherinde Laosa agzalan derejäni bermek baradaky degişli Ähtnamanyň çekilmek dabarasy boldy. Bu barada «CCTV News» habarlar agentligine habar berýär.
Laosy guramanyň gepleşik boýunça hyzmatdaşlygyna kabul etmek baradaky çözgüt 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 25-nji mejlisiniň dowamynda kabul edilipdi. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzüminde 10 sany doly hukukly agza döwlet, 2 sany synçy döwlet we Laosy hem goşmak bilen 15 sany dialog boýunça hyzmatdaş ýurt bar. Taraplaryň pikirine görä, bu möhüm ädim Laosyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine we sebitara hyzmatdaşlygyň berkemegine saldamly goşant goşar.
PDF









