Gyrgyzystan Respublikasy dünýäniň milli parlamentlerinde zenanlaryň wekilçiliginiň artmagy boýunça iň ýokary görkezijini hasaba aldy. Parlamentara bileleşiginiň (PAB) hasabatyna görä, geçen ýylda bu ýurduň parlamentinde zenan deputatlaryň paýy 12,9 göterim ýokarlandy. Sanawda indiki orunlary Sent-Winsent we Grenadinler (+12,3 göterim) hem-de Sent-Lýusiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasy (+9,1 göterim) eýeledi. Hasabat döwründe dünýäniň käbir ýurtlarynda, şol sanda Awstraliýada (46%), Ekwadorda (45%) we Çehiýada parlamentdäki zenanlaryň sany boýunça taryhy rekordlar goýuldy, Ýaponiýada bolsa taryhda ilkinji gezek Premýer-ministr wezipesine zenan maşgala saýlandy we parlamentiň ýokarky palatasyndaky zenanlaryň paýy 29,4 göterime ýetdi.
Munuň bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji ýanwar aýynyň maglumatlaryna görä, bütin dünýäde zenanalr parlament orunlarynyň diňe 27,5 göterimini eýeleýärler, bu bolsa geçen ýyldakydan (27,2%) az-kem ýokarydyr. Hasabat 2025-nji ýylda parlamentiň düzümi täzelenen 49 ýurduň maglumatlaryna esaslanýar. Ýurtlaryň sebitleri boýunça iň ýokary görkeziji Amerika ýurtlaryna degişli bolup, ol ýerde zenan deputatlaryň paýy 35,6 göterime barabardyr. Şeýle-de dünýäde gender deňligi doly üpjün edilen ýa-da zenanlaryň sanynyň erkeklerden köp bolan ýurtlaryň ýedisi hasaba alnyp, olaryň hatarynda Boliwiýa, Kuba, Nikaragua, Meksika, Ruanda, Andorra we Birleşen Arap Emirlikleri bar. Iň pes görkeziji bolsa Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitinde (16,2%) hasaba alnyp, Oman, Tuwalu we Ýemen ýaly ýurtlaryň parlamentlerinde zenan deputatlar düýbünden ýokdur.
Mundan başga-da, dünýäde parlamentleriň başlyklarynyň (spikerleriň) arasynda zenanlaryň paýy geçen ýyldaky 23,7 göterimden 19,9 göterime çenli aşaklady. Bilermenleriň bellemegine görä, kwotalaryň barlygy zenanlaryň wekilçiligini artdyrmakda iň netijeli gural bolup galýar; kwotaly parlamentlerde zenanlaryň paýy ortaça 30,9 göterime, kwotasyz ýerlerde bolsa 23,3 göterime barabar boldy.
Ýatlap geçsek, 1889-njy ýylda döredilen Parlamentara bileleşigi bu günki gün 183 sany milli parlamenti we 15 sany sebitara guramany birleşdirip, bütin dünýäde demokratiýanyň ösmegine we parlamentarileriň hukuklarynyň goralmagyna ýardam edýär.