Katar döwletiniň öňki Emiri şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 74 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada ýurduň resmi edarasy bolan Emir diwany ýekşenbe güni irden habar berdi.
Resmi beýanatda bellenmegine görä, 1995-2013-nji ýyllar aralygynda Katary dolandyran şeýh Hamad bin Halifa Al Tani ýurduň häzirki Emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň kakasydyr. Onuň ýolbaşçylyk eden ýyllarynda Katarda giň gerimli ykdysady, durmuş we medeni özgertmeler amala aşyryldy hem-de döwletiň halkara diplomatiýasynda we maýa goýum ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy güýçleriniň birine öwrüldi.
1952-nji ýylda Doha şäherinde dünýä inen şeýh Hamad Beýik Britaniýanyň Sandherst şäherindäki Patyşalyk harby uçilişesinde bilim aldy. Ol Kataryň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edip, soňra goranmak ministri wezipesini berjaý etdi we 1970-nji ýyllaryň ahyrynda mirasdüşer şazada diýlip yglan edildi. Emir diwanynyň ýaýradan gynanç bildirişinde: «Biz Beýik Allanyň takdyryna we emrine bolan ynamymyz bilen halkyň beýik Lideriniň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edýäris. Goý, Beýik Allatagala şu gün irden aradan çykan Emirimiz şeýh Hamad bin Halifa Al Tanine rehmet etsin!» diýlip bellenilýär.
PDF









