Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekden hem-de goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sebitiň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary geljegi nazarlaýan ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýär.
Bu aýdylanlara milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Bu sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanda döwlet saparynda bolan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Bu sammit şol birwagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň hem özboluşly ýokary derejedäki duşuşygyna öwrüldi.

HOR­MAT­LY PRE­ZI­DEN­TI­MI­ZIŇ
TÄ­ZE BAŞ­LAN­GYÇ­LA­RY

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz 2017–2019-njy ýyl­lar üçin Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu gu­ra­ma baş­lyk­lyk ed­ýän ýur­du­myz köp san­ly du­şu­şyk­la­ry we çä­re­le­ri ge­çir­di. Ola­ryň iň esa­sy­sy “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk bol­dy. Bu du­şu­şyk 9 ýyl­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lan sam­mitdir. Mun­dan ozal, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy 2009-njy ýyl­da ge­çi­ri­lip­di.
Bu ge­zek­ki sam­mit hem oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň baş­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Esa­san hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ara­lyň ýa­ka­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­mak, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we sag­dyn­laşdyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry giň gol­da­wa eýe bol­dy. Bu baş­lan­gyç­lar hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryn­da we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de öz­bo­luş­ly ses­len­me dö­ret­di.
Mil­li Li­de­ri­miz 1993-nji ýyl­da dö­re­di­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Aral pa­jy­ga­sy­nyň eko­lo­gik, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky tä­sir­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na bin­ýat bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­men Li­de­ri­niň bel­leý­şi ýa­ly, Ara­ly go­ra­mak me­se­le­si­ne içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­ra­lyp bi­lin­mez. Ony üs­tün­lik­li çöz­mek üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze jem­le­nen, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­si, bu işe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň Aral üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň taý­ýar­lan­ma­gy ba­ra­da­ky baş­lan­gyç bi­len çy­kyş et­di. BMG-niň Aral deň­zi üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy gel­jek­de BMG-niň içer­ki suw how­dan­la­ry­nyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin bin­ýat bo­lup bi­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de eden çy­ky­şyn­da ýe­ne-de bir baş­lan­gy­ja ün­si çek­di. Ol hem suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nü­şi hök­mün­de “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny” iler­let­mek bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz suw we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li bir­nä­çe der­wa­ýys tek­lip­ler bi­len çy­kyş et­di.

HAL­KA­RA GU­RA­MA­LAR SAM­MI­TIŇ
NE­TI­JE­LE­RIN­DEN HO­ŞAL

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de 24-nji aw­gust­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
BMG-niň Baş Sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Ger­man öz çy­ky­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň suw-eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ba­bat­da AHHG-nyň ozal­dan gel­ýän we yg­tybar­ly hyz­mat­da­şy­dy­gy­ny bel­le­di. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi türk­men tara­py­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak me­se­le­sin­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­da tut­ýan hu-kuk gu­ra­ly­nyň esa­syn­da se­bit­le­ýin gat­na­şyk­la­ra ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­ler ha­kyn­da­ky anyk tek­lip­le­ri­ni gol­daýan­dy­gy­ny we “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy” baş­lan­gy­jy­ny iler­let­mä­ge iş­jeň go­şul­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMGÖM-iň He­mi­şe­lik we­ki­li Ýe­le­na Pa­no­wa öz ge­ze­gin­de sam­mi­tiň diý­seň wag­tyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Aral deň­zi­niň gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny we onuň äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da Aral me­se­le­si­ni çöz­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni hem-de bu ugur­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin kö­pu­gur­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Drozd bol­sa, öz çy­ky­şyn­da Aral deň­zi­niň gur­şa­wyn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga we ony dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gol­daw ber­mä­ge hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne Aral me­se­le­si­niň çöz­gü­di bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di.

MER­KE­ZI AZI­ÝA
ÝURT­LA­RY­NYŇ ÝOL­BAŞ­ÇY­LA­RYN­DAN SAM­MI­TE ÝO­KA­RY BA­HA

Awa­za­da­ky sam­mi­te gat­na­şan Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Olar gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi­niň ýu­bi­leý ýy­lyn­da, ýag­ny 25 ýyl­ly­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy üçin mö­hüm bo­lup du­ran­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­wiň
çy­ky­şyn­dan:
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gyn­da ge­çi­ri­len sam­mit uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gaz­na dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri Aral deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky dur­muş-yk­dy­sa­dy, suw ho­ja­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­me­giň öz­bo­luş­ly meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. Se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da bu me­se­le­le­ri çöz­mek ba­bat­da ne­ti­je­li we anyk tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len Aral deň­zi­niň bas­seý­nin­dä­ki ýurt­lar üçin BMG-niň ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu örän mö­hüm res­mi­na­ma bo­lup hyz­mat eder. Biz bu du­şu­şyk­da tä­ze we­zi­pe­le­ri we mak­sat­la­ry kes­git­le­dik. Bu we­zi­pe­ler Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň gül­läp ös­me­gi­ne we se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şiň hö­küm sür­me­gi­ne go­şant go­şar.
Şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy gur­nan­dy­gy we myh­man­sö­ýer­li­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne uly ho­şal­ly­gy­my bil­dir­ýä­rin. Do­gan­lyk türk­men hal­ky­na bol­sa, aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin. (www.akor­da.kz)
Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň
çy­ky­şyn­dan:
Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan giň göw­rüm­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 9 ýyl­dan soň­ra ge­çi­ril­ýän ta­ry­hy du­şu­şy­gy Mer­ke­zi Azi­ýa­da se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­na tä­ze güýç-kuw­wat we iter­gi be­rer. Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy Aral pa­jy­ga­sy­nyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak üçin örän mö­hüm bo­lup dur­ýar. Biz hem öz ge­ze­gi­miz­de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­rys.
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy se­bit­de eko­lo­gi­ýa we suw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ba­bat­da se­bit gu­ra­ma­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp, bu me­se­le­le­riň höt­de­sin­den gel­jek­di­gi­mi­ze ynan­ýa­ryn. Bi­ziň gel­je­gi­miz bi­ziň el­le­ri­miz­de. (www.uza.uz)
Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­nyň
çy­ky­şyn­dan:
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de al­nyp bar­lan bi­le­lik­dä­ki we ut­ga­şyk­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giniň ün­sü­ni Aral deň­zi se­bi­ti­ne çek­me­gi ba­şar­dyk. Hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la goý­lup, Aral pa­jy­ga­sy­nyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­mak üçin köp san­ly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Köp san­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ta­gal­la­sy bi­len ýo­ka­ry de­re­je­de du­şu­şyk ge­çir­dik. Bu du­şu­şyk üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne we türk­men hal­ky­na myh­man­sö­ýer­li­gi üçin ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­rin. (www.khovar.tj)
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­ko­wyň
çy­ky­şyn­dan:
Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy hem-de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi üçin türk­men Li­de­rine ýe­ne bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­rin. Gyr­gyz ta­ra­py hök­mün­de dur­nuk­ly ösüş üçin se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy äh­li ýurt­la­ryň bäh­bi­di­ne bo­lar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Mer­ke­zi Azi­ýa dün­ýä­niň iň ösen se­bit­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­ler. (www.ka­bar.kg)

ARA­LY HA­LAS
ET­ME­GIŇ HAL­KA­RA GAZ­NA­SY­NYŇ
TA­RY­HYN­DAN

1993-nji ýy­lyň 4-nji ýan­wa­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ka­ra­ry esa­syn­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy dö­re­dil­di.
Gaz­na dö­re­di­len­den soň­ra iň­ňän uly iş­ler edil­di. Esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Aral deň­zi­niň gur­şa­wyn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň bi­rin­ji we ikin­ji tap­gyr­la­ry ama­la aşy­ryl­dy.
2009-njy ýyl­da Aral deň­zi­niň gur­şa­wyn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň üçün­ji tap­gy­ry iş­le­nip dü­zül­di. Esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň we ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ryň gol­daw ber­me­gin­de 2011–2015-nji ýyl­lar üçin mak­sat­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky, Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti we beý­le­ki gu­ra­ma­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýar.
AHHG-nyň esa­sy iş eda­ra­sy – Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­tet no­ba­ta la­ýyk­lyk­da, Al­ma­ty şä­he­rin­de (1993-1997-nji ýyl­lar­da), Daş­kent şä­he­rin­de (1997-1999-njy ýyl­lar­da), Aş­ga­bat şä­he­rin­de (1999-2002-nji ýyl­lar­da), Du­şan­be şä­he­rin­de (2002-2008-nji ýyl­lar­da), Al­ma­ty şä­he­rin­de (2009-2012-njy ýyl­lar­da), Daş­kent şä­he­rin­de (2012-2016-njy ýyl­lar­da) ýer­leş­di.
2017-nji ýyl­dan baş­lap, 2019-njy ýy­lyň aw­gust aýy­na çen­li AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.
2008-nji ýyl­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň syn­çy­sy de­re­je­si­ne eýe bol­dy.
2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk” at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Hä­zir­ki wag­tda gaz­na baş­lyk­lyk ed­ýän Türk­me­nis­tan Aral me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ba­bat­da çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­re uly äh­mi­ýet ber­ýär. Di­ňe soň­ky 20 ýyl­da “Gök gu­şak” mil­li mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da 90 mil­li­on­dan gow­rak bag ekil­di.