Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň 23%-i gelip çykyşy boýunça daşary ýurtludyr. Golaýda bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal statistika edarasy maglumat ýaýratdy. Başga ýurtlardan gelenleriň aglabasy türkler bolup, ikinji ýeri polýaklar, üçünji we dördünji ýeri bolsa, ozalky Soýuzyň migrantlary eýeleýär.
Şeýlelikde, Germaniýanyň ilatynyň dörtden biri gelip çykyşy boýunça çet ýurtly. Statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyla çenli ýurduň 23 %-den gowrak ilaty (19,3 million adam) ýurduň çäklerinden daşarda ýa-da daşary ýurtlularyň maşgalasynda doglupdyr. Bu görkeziji 2016-njy ýyla garanyňda, 4,4 % köpdür. Şeýle hem GFR-iň çäklerinde ýaşaýan daşary ýurtlularyň 2,8 millionynyň Türkiýeden gelenlerdigi mälim edilýär.
Maglumatlara görä, ýurtdaky 24 million maşgalanyň iň bolmanda bir agzasynyň asly daşary ýurtludygy bellenip geçilýär. Üstesine-de, olaryň 2,5 milliony öz aralarynda ene dillerinde gürleşýärler, nemes dilinde bolsa, diňe öýden daşarda gürleşýärler. Şunlukda, şeýle maşgalalaryň 15 göteriminde türkçe, 15 göteriminde rusça, 8 göteriminde bolsa, polýakça gürleşilýär.
2007-nji ýylyň aprelinde geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, GFR-de 80 million 549 müň 17 adam ýaşap, 2016-njy ýyla garanyňda, 0,4 % köp. Şunuň bilen birlikde, ilatyň tebigy azalmagy hem göze ilýär. Ýurtda çaga dogluşynyň derejesi ilatyň her müňüsine 8,6 adamdan, ölüm sanynyň derejesi bolsa, her müň ýaşaýja 11,7 adamdan düşýär. Bu bolsa, ýurduň ilatynyň diňe migrantlaryň hasabyna ösýändigini görkezýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, Germaniýada gelip çykyşy boýunça daşary ýurtly ýaşaýjylaryň artmagy bir tarapdan medeniýete täze öwüşginleri çaýsa, beýleki bir tarapdan aşpezlik sungatyna täzeçe usullary girizýär. Olaryň kömegi bilen ýurduň iri şäherlerinde arzan we tagamly türk, arap ýa-da hytaý naharlaryny edinmek mümkin. Iň esasy zat hem göçüp gelenler zähmet bazaryny ösdürýärler. Germaniýanyň syýasy ýolbaşçylary ýurduň dürli medeniýetine we köpmilletlidigine buýsanýarlar hem-de muňa özleriniň gazanan uly üstünligi hökmünde garaýarlar.
Germaniýanyň ykdysadyýeti
5 ýyldan bäri dowamly ösýär
Nemesler harçlaýanlaryndan köp gazanýarlar. Federal statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda GFR-iň ilatynyň girdejileri çykdajylaryndan 48 milliard ýewro artyk gelipdir. Şu döwürde nemes ykdysadyýeti 2,9 göterim ösdi. Bu 90-njy ýyllarda iki Germaniýanyň birleşen döwründäkiden hem has gowy görkezijidir. Profisit – ýagny girdejileriniň çykdajylaryndan köp bolmagy 5 ýyldan bäri dowamly ösýär. Salgytlar we sosial gatançlar oňaýly ösüş depgininiň esasy katalizatory bolup hyzmat edýär.
Eksporty ýokarlanýar
Ykdysady barlaglar boýunça Mýunhen institutynyň çaklamalaryna görä, GFR-de eksportuň importdan köp bolmagy netijesinde, daşary söwda balansynyň artykmaçlygynyň 250 milliard ýewro barabardygy belli bolupdyr. Bu görkeziji boýunça ikinji ýerde Ýaponiýa, üçünji orunda bolsa, Niderlandlar durýar.
Şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň ikinji çärýeginde Ýewropa zolagynda jemi içerki önüm 0,4 göterim ösüpdir.