Moldowanyň Prezidenti Maýa Sandu ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine işewür Wasile Tofanyň dalaşgärligini hödürledi. Täze hökümet Başlygynyň öňünde ýurdy Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga taýýarlamak we milli ykdysadyýeti janlandyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu barada döwlet Baştutany jemgyýetçilik ulgamlary arkaly beren wideo ýüzlenmesinde mälim etdi.
Prezidentiň bellemegine görä, Wasile Tofanyň esasy maksatnamasy döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetiň durnuklylygyny berkitmäge, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Häzirki wagtda parlamentiň goldawyny almak üçin dalaşgäre iki hepde wagt berlip, ol bu döwrüň içinde özüniň hökümet maksatnamasyny we Ministrler Kabinetiniň täze düzümini hödürlemelidir.
Wasile Tofan Harward biznes mekdebiniň uçurymy bolup, ol Niderlandlarda döwlet dolandyryşy ugrunda bilim aldy. Ol häzirki wagtda “Horizon Capital” maýa goýum kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy ýerine ýetirýär. Şeýle hem, parlamentde köplügi eýeleýän “Hereket we razylyk” (PAS) partiýasynyň ýolbaşçysy Igor Grosu hem täze dalaşgäriň maksatlarynyň partiýanyň garaýyşlary bilen doly gabat gelýändigini tassyklady.
Mundan öň, parlamentdäki syýasy durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, Premýer-ministr Aleksandr Muntýanunyň 3-nji iýulda wezipesinden çekilendigi mälim edilipdi. Ýewropa Bileleşigi geçen aýda Moldowa bilen gurama agza bolmak boýunça resmi gepleşikleriň ilkinji tapgyryna başlapdy. Moldowa bu gurama agza bolmaga resmi dalaşgär derejesini 2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda alypdy.
PDF









