Tennis boýunça möwsümiň 3-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Wimbledon”-da erkekleriň arasynda geçen ýylyň ýeňijisi çempionlygyny gorasa, zenanlardan ýene-de täze çempion kubogy asmana göterdi. 139-njy gezek geçirilen Dünýäniň iň gadymy tennis ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner bilen Linda Noskowa ýeňiji boldy. Umumy baýrak gaznasy 64 million 200 müň funt sterlinge deň bolan ýaryşda ýeňijileriň hersi 3,6 million funt sterling pul baýragyna laýyk görüldi.

Erkekleriň arasyndaky finalda italiýaly Ýannik Sinner bilen germaniýaly Aleksander Zwerew duşuşdy. Ýagny ýaryşyň 1-2-nji derejeli faworitleriniň duşuşygy 3 sagat 46 minutda tamamlanyp, finalyň 1-nji setinde taý-bregiň netijesinde Zwerew 7:6 üstün çykdy. 2-nji setde ýene-de taý-bregiň netijesinde bu gezek Sinner öňe saýlandy. 3-4-nji setlerde degişlilikde, 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Ýannik Sinner çempionlygyny goramagyň hötdesinden geldi. Ol “Wimbledon”-da bassyr 2-nji, “Uly tuwulgalarda” bolsa 5-nji çempionlygyny baýram etdi. Häzirlikçe diňe “Fransiýa Açykda” çempionlygy bolmadyk Sinner 2024-nji we 2025-nji ýyllarda “Awstraliýa Açykda”, 2024-nji ýylda-da “Amerika Açykda” çempionlyk gazanypdy. Şol bir wagtyň özünde bu Sinneriň ATP ýaryşlaryndaky 30-njy çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. Bu duşuşyk Sinneriň “Uly tuwulgalardaky” 100-nji duşuşygy bolup, ol şolaryň 82-sinde garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy.

Geçen aý “Fransiýa Açykda” çempionlyk gazanan Zwerew 1990-njy ýyllarda doglan tennisçileriň arasynda 4 “Uly tuwulgada” hem finala çykan ilkinji tennisçi boldy. Zwerew watandaşy Boris Bekerden bäri 4 “Uly tuwulgada” finalda oýnan ilkinji germaniýaly tennisçi diýlip bellendi. Zwerew Açyk döwürde 4 “Uly tuwulga” ýaryşynda-da finala çykan 13-nji erkek tennisçi hökmünde hasaba alyndy. “Uly tuwulgalarda” diňe 1 çempionlygy bolan Zwerew 2020-nji ýylda Amerika Açygyň, 2025-nji ýylda-da “Awstraliýa Açygyň” finalynda ýeňlipdi.