Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek saýlawlaryň federal saýlaw býulleteninde azyndan 11 sany syýasy partiýa görkeziler. Bu barada Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň (MST) başlygy Ella Pamfilowa habar berdi.
Düzgüne laýyklykda, syýasy partiýalar dalaşgärleri hödürlemek boýunça gurultaýlaryny 11-nji iýula çenli geçirip bilýärdiler, emma bu barada azyndan iki gün öň, ýagny 9-njy iýula çenli Merkezi saýlaw toparyna resmi habar bermäge borçly edilipdiler. Görkezilen möhletde başga hiç bir syýasy guramadan degişli bildiriş gelip gowşumandygy sebäpli, öňümizdäki saýlaw möwsümine diňe agzalan 11 partiýa gatnaşar we býulletende olaryň sany 11-den köp bolmaz.
Saýlawlara gatnaşjak syýasy güýçleriň hatarynda häzirki wagtda parlamentde wekilçilik edýän bäş sany partiýa («Ýedinaýa Rossiýa», KPRF, LDPR, «Nowyýe lýudi» we «Sprawedliwaýa Rossiýa»), şeýle-de parlamente girmedik alty sany partiýa («Zelýonyýe», «Rodina», «Ýabloko», Pensionerler partiýasy, Göni demokratiýa partiýasy we «Russiýanyň Kommunistleri») bar. Bu syýasy guramalaryň ählisi saýlawçylaryň goluny ýygnamazdan, öz dalaşgärlerini hasaba aldyrmaga doly hukuklydyrlar.
PDF









