Fransiýanyň paýtagty Parižde ýurduň milli baýramy – Bastiliýanyň eýelenen güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şu ýyl guralan dabaraly harby ýörişe Ýewropanyň 11 döwletinden harby uçarlar we birnäçe ýurduň harby gullukçylary gatnaşdylar. Bu barada “France 24” teleýaýlymynyň maglumatlaryna salgylanyp, dünýäniň habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Pariže dünýäniň 30-a golaý döwletiniň we hökümetleriniň ýolbaşçylary geldiler. Baýramçylyk dabaralarynyň çäginde guralan harby ýörişe jemi 6800 sany harby gullukçy gatnaşyp, bu görkeziji soňky ýyllaryň iň ýokary görkezijisi boldy. Şeýle-de, guralan asman şounda Fransiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Horwatiýanyň, Polşanyň, Daniýanyň, Gresiýanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň harby-howa güýçleriniň uçarlary ýokary uçuş ussatlygyny görkezdiler.
Ýurduň günortasynda hem-de paýtagtyň golaýynda emele gelen aşa yssy we gurak howa şertleri zerarly, dabaralaryň dowamynda adaty geçirilýän feýerwerkler we köpçülikleýin medeni çäreler howpsuzlyk maksatlary bilen çäklendirildi.
Mälim bolşy ýaly, Fransiýanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän bu milli baýramçylyk 1789-njy ýylyň 14-nji iýulynda bolup geçen taryhy wakalardan gözbaş alýar. Şol taryhy wakanyň hatyrasyna we erkinligiň dabaralanmagynyň nyşany hökmünde her ýylyň 14-nji iýuly ýurtda dabaraly bellenilýär.
PDF









