Hytaý Halk Respublikasynyň Gobi çölünde kuwwaty 1 gigawata (GWt) deň bolan dünýäniň iň uly “Hami” gibrid Gün elektrik bekedi resmi taýdan ulanmaga berildi. “China Three Gorges Corporation” döwlet korporasiýasy tarapyndan gurlan bu desganyň taslama bahasy 3,53 milliard ýuana (takmynan 480 million amerikan dollaryna) barabar boldy. Taslama doly güýjünde işläp başlanyndan soň, ýylda 2,07 terawat/sagat elektrik energiýasyny öndürer we bu görkeziji 830 müňe golaý hojalygyň bökdençsiz energiýa üpjünçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Täze energiýa toplumy 900 megawatlyk adaty fotoelektrik Gün panelleriniň we 100 megawatlyk jemleýji Gün energiýasy desgasynyň utgaşdyrylmagy esasynda işleýär. Adaty beketlerden tapawutlylykda, bu ýerde litiý batareýalaryň deregine erän duz tehnologiýasy ulanylýar. Gündizine 260 müň sany ýörite aýna arkaly duz 550 derejä çenli gyzdyrylýar we emele gelen ýylylyk gijesine bug öndürmekde peýdalanylýar. Netijede, emele gelen bug turbinany işledip, Gün ýaşandan soň hem stansiýanyň ýene sekiz sagatlap elektrik energiýasyny öndürmegini üpjün edýär.
Kuwwatlylygy boýunça Dubaýdaky 950 megawatlyk “Noor Energy 1” toplumyny hem yzda galdyran “Hami” elektrik stansiýasynyň geljekde umumy kuwwatyny 3 gigawata ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, häzirki wagtda bu desganyň golaýynda kuwwaty 1,5 gigawat boljak ýene-de bir ägirt uly gibrid Gün elektrik stansiýasynyň gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
PDF









