Ine-de, 40 günläp dowam eden futbol baýramçylygy Nýu Ýorkuň golaýyndaky MetLife Stadium-da oýnalan Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky final duşuşygy bilenem tamamlandy. Duşuşyga 80 müň 663 janköýer tomaşa etdi.

Kiçeňräk konsertden soň sloweniýaly Slawko Winçiçiň ilkinji jürlewüginiň ýaňlanmagy bilen başlanan final duşuşygy ispanlaryň doly artykmaçlygynda geçdi. Turuwbaşdan topy özlerinde saklan ispanlara argentinler gorag hem-de gödek oýun taktikasy bilen jogap berdi. 1-nji ýarym golsuz tamamlanyp, argentinleriň ýeke takyk urgusy hasaba alynmady.

2-nji ýaryma-da ispanlar erjellik bilen başlady. Ýöne muňa garamazdan, ýene-de olara hasaby açmak başartmady. Howply pursatlarda derwezeçi Emiliano Martines öz ussatlygyny görkezdi. Duşuşygyň 90+3-nji minutynda eden gödek hereketi üçin Enzo Fernandes 2-nji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. Bu kart onsuzam garşydaşynyň derwezesine sary hüjüm geçirmekde kynçylyk çekýän argentinler üçin ýagdaýy hasam çylşyrymlaşdyrdy. Esasy wagtyň iň soňky pursatynda Lamin Ýamal jerime urgusyndan topy tasdanam derwezä gönükdiripdi. Ýöne Emiliano Martines topy sowmagy başardy. Argentinanyň ýygyndysy finalda esasy wagtda ýeke takyk urgy geçirip bilmedik ilkinji ýygyndy boldy.

Enzo Fernandes Dünýä Kubogynyň çäginde finalda gyzyl kart alan 6-njy futbolçy boldy. Ondan öň 1990-njy ýylda argentinaly Pedro Monson bilen Gustawo Desotti, 1998-nji ýylda fransiýaly Marsel Desaýi, 2006-njy ýylda Zinedin Zidan hem-de 2010-njy ýylda niderland Jon Heýtinga finalda gyzyl kart alypdylar.

Ýeňiji bassyr 2-nji, umumylykda-da 9-njy gezek esasy wagtda belli bolmady. Goşmaça 30 minutyň ilkinji ýarymynda-da ispanlar şowly oýun görkezdi. 96-njy minutda Niko Williamsyň geçiren goly Merinonyň oýnuň düzgünini bozandygy üçin hasaba alynmady. 102-nji minutda ispanlaryň joker golçusy Mikel Merino kelle urgusy bilen hasaby açmaga golaý gelse-de, top sowa gitdi. 2-nji 15 minutlyga ispanlar gol bilen başlady. Niko Williamsyň jerime meýdançanyň içinde kellesi bilen beren topuny batly uran Ferran Torres hasaby açdy. Ol 62-nji minutda Oýarzabalyň ornuna meýdança giripdi. Galan minutlarda argentinlerem azda-kände tijenjek bolsa-da, hasap üýtgemedi. 113-nji minutda Ferran Torres 2-nji gezek tapawutlandy, ýöne sähel tapawutlylykda ofsaýt sebäpli gol hasaba alynmady. Netijede, duşuşyk 1-0 hasabynda ispanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 2010-njy ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek Dünýä Kubogynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ispanlar bu kubogy 2 gezek gazanan 7-nji topar boldy. Häzirki wagtda çempionlyk gazanan 8 ýygyndydan diňe Angliýanyň milli toparynyň 2 çempionlygy ýok.

Duşuşykdan soň iň arzyly kubogy asmana göteren Rodri karýerasyndaky iň esasy ýeňşe ýetdi. Ol kubogy FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantinonyň hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň elinden aldy.

38 oýundan bäri ýeňilmän gelýän ispanlar bu ugurda Italiýanyň taryhy rekordyny hem täzelediler. Ispaniýanyň ýygyndysy 2 ýyl öňki Ýewropanyň çempionlygyndan soň, Dünýä Kubogyny eýelemegi başardy. Olar şeýle statistikany 2-nji gezek gaýtalaýarlar. 2008-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Ispaniýa 2010-njy ýylda-da Dünýä Kubogynda ýeňiş gazanýar. Ispaniýadan öň 1972-nji ýylda yklym çempionlygyny gazanan Günbatar Germaniýa 2 ýyldan soňam Dünýä çempiony bolupdy.

Argentinanyň ýygyndysy bolsa Italiýadyr Braziliýadan soň bassyr 2-nji gezek çempionlyk gazanan 3-nji topar bolmak mümkinçiligini elden giderdi. Argentinanyň ýygyndysy 4-nji gezek kümüş medala mynasyp bolup, Germaniýa bilen bilelikde, finalda iň köp utulan 2 toparyň biri hökmünde hasaba alyndy. Argentinanyň ýygyndysy mundan öň 1930-njy, 1990-njy hem-de 2014-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.