Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Ulan-Batoryň halkara howa menzilinde täjik liderini Mongoliýanyň daşary işler ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmanyň hormatyna iki ýurduň döwlet baýdaklary galdyrylyp, hormat garawuly düzüldi.

Üç gün dowam etjek saparyň dowamynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, oba hojalyk, energetika, ulag we medeni ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljegine gararlar, häzirki halkara geosyýasy ýagdaýy ara alyp maslahatlaşarlar. Sapary dowamynda bilelikdäki işewürlik hem-de medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Täjigistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 24-nji aprelinde ýola goýuldy.

Bu sapar Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Mongoliýa 17 ýyldan soňra ilkinji saparydyr, ol Mongoliýa döwlet sapary bilen soňky gezek 2009-njy ýylda barypdy.