BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterris agza döwletleri Guramanyň 80 ýyllygy mynasybetli başlanan giň möçberli özgertmeleriň depginini gowşatman, ony has-da güýçlendirmäge çagyrdy. Ol bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde çykyş edip, Guramanyň işini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmegiň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Baş sekretaryň bellemegine görä, «BMG-80» başlangyjynyň esasy ugurlaryna degişli tagallalar barha aýdyňlaşýar. Ol sekretariatyň işini kämilleşdirmegi, borçnamalaryň berjaý ediliş tertibini, gurluş üýtgeşmelerini hem-de maksatnamalaryny gaýtadan düzmegi öz içine alýar. Bu özgertmeler arkaly guramanyň serişdelerden peýdalanmakdaky tertip-düzgünini berkidip, berlen wadalary ýerine ýetirmäge has taýýar ýagdaýa getirmek maksat edinilýär.
Guterriş bu başlangyjyň esasy ölçeginiň ýurtlaryň häzirki wagtda kabul edýän çözgütleriniň geljekde guramanyň işine nähili täsir etjekdigi bilen baglydygyny, ýagny, dünýä halklarynyň BMG-niň has çalt, netijeli we jebis hereket edýändigini duýmalydygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, «BMG-80» ähliumumy özgertmeler toplumyny Baş sekretar bütin dünýä guramasynyň döredilenine 80 ýyl dolmagy mynasybetli 2025-nji ýylyň mart aýynda teklip edipdi. Baş sekretar 80 ýyl ozal öňki nesillerimiziň çylşyrymly döwür üçin kuwwatly institutlary döredendigini ýatladyp, häzirki wagtda bu jogapkärçiligiň täze nesle ýüklenýändigini aýtdy.
PDF








