FIFA Ispaniýanyň çempionlygy bilen tamamlanan 23-nji Dünýä Kubogynyň simwolik ýygyndysyny mälim etdi. FIFA-nyň resmi internet saýty bolan fifa.com arkaly ses berlişigiň netijesinde saýlanan simwolik ýygynda çempion topardan 3, finalçy Argentinadan 2 oýunçy saýlandy.
Toparyň derwezeçisi hökmünde juda köp seýw bilen ýatda galan Kabo Werdeniň derwezeçisi Wozinýa iň köp ses alan derwezeçi boldy. Goragyň iki gyrasynda ispanlar – Kukurelýa bilen Porro bolup, merkezi goragda Lisandro Martines hem-de Upamekano bar.
Meýdançanyň merkezine çempionatyň iň ökde oýunçysy saýlanan Rodri, 7 gol geçiren Bellingam bilen 7 asist eden Olise alyndy.
Hüjümde Mbappe, Holann hem-de Messi bolup, olaryň üçüsiniň bilelikde geçiren gollarynyň sany 25-e deňdir.

DÜNÝÄ KUBOGY 2026-nyň SIMWOLIK ÝYGYNDYSY
DERWEZEÇI: Wozinýa (Kabo Werde)
GORAGÇYLAR: Mark Kukurelýa (Ispaniýa), Lisandro Martines (Argentina), Daýo Upamekano (Fransiýa), Pedro Porro (Ispaniýa)
ÝARYMGORAGÇYLAR: Jud Bellingam (Angliýa), Rodri (Ispaniýa), Maýkl Olise (Fransiýa)
HÜJÜMÇILER: Kilian Mbappe (Fransiýa), Erling Holann (Norwegiýa), Lionel Messi (Argentina)
PDF









