Ispaniýanyň çempionlygy bilen tamamlanan Dünýä Kubogy 2026-da iň köp Angliýanyň klublarynda oýnaýan futbolçylar gol geçirdi. “Premier Ligada” oýnaýan futbolçylar 75 gol derwezä girizip, beýleki çempionatlaryň wekillerinden ep-esli öňe saýlandy “La Ligada” oýnaýan futbolçylar 45, “Bundesliganyň” wekilleri 24, “Ligue 1”-iň futbolçylary 23, “Serie A”-nyň oýunçylary 20 goly derwezä girizdi.

Klublar boýunça bolsa “Real Madridiň” oýunçylary 22 gol (12 asist) bilen beýleki klublardan öňe saýlandylar. Çempionatda Realyň 4 futbolçysy tapawutlanyp, Mbappe 10, Bellingam 7, Winisius Junior 4 hem-de Arda Güler 1 gol geçirdi. PSŽ-liler 16 gol (7 asist), “Arsenalyň” futbolçylary 13 gol (15 asist) geçirip, 2-3-nji orunlary eýelediler.

Umumylykda, “really” futbolçylaryň ähli Dünýä Kubogy ýaryşynda geçiren gollarynyň sany 100-e ýetdi. Real Madrid topary bu görkezijä ýeten ilkinji topar boldy. “Bawariýalylaryň” 87, “barselonalylaryň” 78, “interlileriň” 76, “ýuwentuslylaryň” 62 goly bar.

“Inter” topary 1982-nji ýyldan bäri finala azyndan 1 oýunçysy çykan ilkinji topardyr. “Inter” bu statistikany “Bawariýa” bilen paýlaşyp gelýärdi. Ýöne bu gezek “Bawariýadan” hiç bir futbolça şol statistika eýermek başartmady. Nemes klubunyň soňky wekili Harri Keýniň milli topary Angliýa ýarym finalda “interli” Lautara Martinesiň Argentinasyndan utulyp, statistika diňe italýan klubuna degişli bolup galdy.