«Airbnb» kompaniýasy 2026-njy ýylda syýahat etmek üçin ABŞ-nyň oba ýerlerinde ýerleşýän we köpçülige şeýle bir belli bolmadyk 20 sany künjegini öz içine alýan «Syýahatçylyk kartalaryndan daşary Amerika» diýlip atlandyrylan ilkinji sanawyny neşir etdi. Bu sanaw myhmanhana hyzmatlary çäkli bolan kiçi we orta şäherçeleri öz içine alyp, ýurduň tutuş çägini gurşap alýar.

Kompaniýanyň Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça müdirliginiň habar bermegine görä, otaglaryň gysga möhletleýin kärendesi syýahatçylyk ugurlaryny giňeltmäge, giňden tanalýan ýerlere düşýän agramy azaltmaga hem-de täze ilatly ýerleriň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Syýahatçylaryň ýarysyndan gowragy täze hem-de özboluşly mekanlary tapmak arkaly ozal bilinmeýän künjeklere ilkinji gezek barýandyklaryny tassyklaýarlar.

Sanawda görkezilen ugurlaryň arasynda Ýosemit milli seýilgähiniň golaýynda ýerleşýän Koarsegold şäherçesi, Pensilwaniýanyň Ulkan kanýony hökmünde tanalýan Paýn-Krik jülgesi, Gawaý adalarynyň iň günorta nokady bolan Naalehu ilatly ýeri, şeýle hem Montana ştatyndaky Fort-Pek köli we Newada ştatynyň taryhy Goldfild şäheri bar. Bu künjekler özüniň ajaýyp tebigaty, taryhy ýadygärlikleri we arkaýyn dynç almak üçin döredilen mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.