Adamzat dil köpdürlüligi babatda «altyn asyry» bireýýäm başdan geçirdi. Eger häzirki günde dünýäde 7500 dilde sözleşilýän bolsa, geçmişde olaryň sanynyň 10 esse köp bolan bolmagy mümkin diýip, Ýel uniwersitetiniň dilçileri aýdýarlar.
Uniwersitetiň alymlary ýitmek howpy abanýan dilleri resmi hasaba almakçy boldular. Olaryň baha bermegine görä, häzirki zaman dilleriniň ýarysyna golaýyna ýitmek howpy abanýar we her ýyl dilleriň ortaça dördüsi ýok bolýar.
Alymlaryň ylmy-barlaglar esasynda gelen netijesine görä, 12 müň ýyl mundan öň her bir taýpanyň öz dili bolupdyr, şol döwürde planetanyň ilaty 4,4 milliondan 7 milliona çenli bolmak bilen, dilleriň umumy sany 4500-den 6200-e çenli ýetipdir. Ondan bäri planetada adamlaryň sany güýçli artypdyr, emma diller welin, o diýen köpelmändir. Mundan 1—3 müň ýyl öň dilleriň köpdürlüligi iň ýokary derejä ýetip, adamlar 20 müňden 75 müňe çenli dilde gepleşipdirler. Emma soňra dilleriň sany azalyp ugrapdyr, muňa oturymly ekerançylyga geçilmegi, Rim we Gresiýa ýaly güýçli şadöwletleriniň döremegi öz täsirini ýetiripdir.
PDF









