Türkiýäniň Gölbaşy etrabynda TÜRKSAT kompaniýasynyň 33 MVA kuwwatlylykdaky täze maglumat merkeziniň düýbi tutulyp, ol 2028-nji ýylyň başynda doly işe giriziler. Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň bellemegine görä, bu «sanly gala» elektron döwlet hyzmatlarynyň (e-Devlet) bökdençsiz işlemegini üpjün edip, ýurduň kiberhowpsuzlygyny we sanly garaşsyzlygyny berkitmäge ýardam eder. Çärede ministr kosmos hem-de hemra tilsimatlarynyň döwlet howpsuzlygyndaky uly ornuny hem aýratyn nygtady.