Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurduň Balykçy – Koçgor demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine ak pata berdi.

Uzynlygy 63 kilometre deň bolan demir ýoluň gurluşygyna 2022-nji ýylda badalga berildi.

Soňky bäş ýylda Gyrgyzystanda ýük gatnawy 36 göterim, ýolagçy gatnawy bolsa, 70 göterime golaý artdy. Prezident Žaparow dabarada bu demir ýol şahasynyň ýurduň ykdysadyýeti üçin örän möhümdigini belläp, onuň ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurlandygyny habar berdi.

Geljekde täze demir ýol şahasy ýurduň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirer, şeýle hem halkara «Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolar.