Koreýa Respublikasynyň Busan şäherinde 48-nji mejlisini geçiren ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komiteti Gresiýanyň meşhur Olimp dagyny tebigy we medeni obýekt hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna biragyzdan girizdi. Şeýle hem bu abraýly sanawa Normandiýadaky plýažlar, Italiýanyň Marke sebitiniň taryhy teatrlary, Fransiýanyň Langedok patyşalyk galalary, Finlýandiýadaky Alwar Aalto tarapyndan taslanan 13 binagärlik obýekti, Berlindäki Selendorf tokaý ilatly ýeri, Eýrandaky Alamut galasy, San-Tome we Prinsipidäki «roças» taryhy ekin meýdanlary hem-da Daşkent şäheriniň häzirki zaman binagärlik toplumy goşuldy. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň gadymy paýtagtlary Asuka we Fudziwara, şeýle hem Günorta Sudandaky haýwanlaryň iň iri köpçülikleýin göçüşligi bolup geçýän Boma-Bandingilo sebiti hem ÝUNESKO-nyň halkara goragyna alyndy.
Gresiýanyň Hökümetiniň wekilleri bu kararyň ýurduň tebigy we medeni gymmatlyklaryny halkara derejesinde goramakda taryhy üstünlikdigini belläp geçdiler. Deňiz derejesinden 2918 metr beýiklikde ýerleşýän Olimp dagy özüniň baý biodürliligi, seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle-de gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen dünýä siwilizasiýasy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Normandiýa kenarlary bolsa, taryhy wakalaryň aýdyň şaýatlary hökmünde ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna girizildi.
PDF









