Ýaponiýanyň mör-möjekleriň awusyndan döreýän gijilewüge garşy niýetlenen meşhur «Muhi» serişdesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol lukmanyň maslahaty bolmazdan satylýan enjamlaýyn markalaryň arasynda dünýäde iň köp wagtdan bäri bazarda duran brend hökmünde ykrar edildi. 25-nji iýulda Toýama şäherinde geçirilen dabarada Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili degişli güwänamany «Ikeda Mohando» kompaniýasynyň prezidenti Kadzuhiro Ikedä gowşurdy. Bu şanly waka brendiň 100 ýyllygy mynasybetli guralan «Muhi Hyakusai Festival» festiwalynyň çäklerinde amala aşyryldy. Taryhy 1926-njy ýyldan gözbaş alýan bu serişde ilkibaşda ýüpekçilik pudagynyň işgärleri üçin döredilip, häzirki wagtda ol ýaglar, kremler, suwuk dermanlar we plastyrlar görnüşinde öndürilýär. Kompaniýanyň prezidenti gazanylan bu üstünligiň bir asyryň dowamynda önüme ynam bildiren köp sanly sarp edijileriň goldawy bilen baglanyşyklydygyny belledi. Ýubileý mynasybetli ýörite çäkli toplumly önümleri çykarmak we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
PDF









