Dünýä dillerini öwredýän «Babbel» platformasy dünýäniň iň owadan eşidilýän sözüni saýlady. Dilçiler 75 dilden 223 söze baha beripdirler. Netijede, maori dilindäki «kaitiakitanga» sözüni iň owadan söz diýip hasap edipdirler. Bu söz tebigaty goramak we geljekki nesilleriň öňündäki jogapkärçilik diýmegi aňladýar. Sanawa beýleki dile bir söz bilen terjime edip bolmajak sözler girizilipdir. Emin agzalary dilçilerden, ýazyjylardan we medeniýet işgärlerinden ybarat bolup, sözleriň ses aýratynlyklaryna, manysyna, medeni baglanyşygyna we tapawutlandyjy häsiýetlerine baha berlipdir.
Sanawyň birinji ornuny eýelän «kaitiakitanga» topragyň, suwuň we janly-jandarlaryň goralmagy, tebigy baýlyklardan peýdalanylanda, diňe häzirki ýaşaýjylaryň däl, geljekki nesilleriň hem göz öňünde tutulmalydygyny aňladýar. Maoriler adamyň tebigatyň eýesi däl-de, bir bölegidigine we goraýjysydygyna berk ynanýarlar. Bu dildäki «kaitiaki» goraýjy diýmegi aňladýan bolsa, «kaitiakitanga» bu işiň (goraýjylygyň) durmuşa geçirilmegini aňladýar.
«Babbel» platformasynyň dilçisi Esteban Tuma Portilla klimat bilen bagly täsirleriň has ýiti duýulýan döwründe bu sözüň tebigatyň we biri-birimiziň öňünde jogapkärçiligimizi ýatladýandygyny belleýär.
«Babbel» saýlanan sözüň kesgitli ýagdaýda «iň owadan söz däldigine», dünýäniň dürli medeniýetlerinde owadanlyk, ses we many babatda başga-da owadan sözleriň bolup biljekdigine ünsi çekýär.
Bägül ATOWOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
B.Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
PDF








