Soň­ky 20 ýyl­da dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy gör­ne­tin de­re­je­de ös­di. Şun­da adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy we ýurt­la­ryň ara­syn­da dö­re­di­len ýe­ňil­lik­le­riň tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. «Hen­ley & Part­ners» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, soň­ky 20 ýyl­da ra­ýat­la­ryň wi­za al­maz­dan gi­dip bil­ýän ýurt­la­ry­nyň sa­ny 2 es­se ar­typ­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bir adam or­ta­ça 108 ýur­da wi­za­syz gi­rip bil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 2006-njy ýyl­da 58 eken. Soň­ky ýyl­lar­da köp döw­let sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry­nyň wi­za­syz gel­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň ýur­ta­ry­nyň ra­ýat­la­ry has köp ýe­re wi­za­syz gi­dip bil­ýärler.
Sin­ga­pu­ryň ra­ýat­la­ry dün­ýä­niň 192 ýur­du­na we se­bi­ti­ne wi­za al­maz­dan ba­ryp bil­ýär. Ýa­po­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Ir­lan­di­ýa, Awst­ri­ýa, Por­tu­ga­li­ýa, Finlýan­di­ýa, Da­ni­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ryn­dan hem köp ýur­da ba­ran­la­ryn­da wi­za ta­lap edil­me­ýär. Bu ýurt­lar howp­suz­lyk ba­bat­da hem öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri soň­ky 20 ýyl­da 149 ýurt bi­len wi­za­syz sy­ýa­hat ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyp­dyr.

Näzik Çerkezowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.