Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gyn­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­jek at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­ty­na ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gy bi­len bag­ly çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry dö­re­dil­di. To­pa­ryň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugur­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lap, bu ba­ra­da gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Mil­li Li­de­ri­miz ýaş­la­ryň di­ňe bir tür­gen­le­şik­le­ri däl, eý­sem, okuw­la­ry, dur­mu­şy we ene-ata­la­ry­nyň ýag­da­ýy bi­len hem iç­gin gy­zyk­lan­dy. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ýaş­lar, ola­ryň gel­je­gi we hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ro­waç­lan­ma­gy ug­run­da uly ala­da edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz to­pa­ryň her bir ag­za­sy bi­len iç­gin söh­bet­deş bol­dy, ola­ryň gel­jek­ki mak­sat­la­ry ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň öň­de bol­jak ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry üçin Milli Liderimiziň ak pa­ta­sy hök­mün­de ka­bul edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň ýur­du­myz­da at­çy­ly­gy we at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry, be­dew at­la­ra erk et­mek­dä­ki nus­ga­lyk gö­rel­de­si, öwüt-ün­dew­le­ri ýaş­la­ry tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň ýaş­la­ry ba­ra­da­ky ala­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň ke­pi­li­dir. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň äh­mi­ýe­ti, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyp, döw­le­ti­miz­de ýaş ne­sil­ler üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da dö­re­di­len «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry at çap­ma­gyň, çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­riň us­sa­dy hök­mün­de yk­rar edi­len ýaş­lar­dan yba­rat­dyr. To­pa­ryň dür­li ýyl­lar­da­ky ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň çäk­siz ala­da­sy­nyň, pa­ra­sat­ly öwüt-ün­dew­le­ri­niň, nus­ga­lyk gö­rel­de­si­niň ne­ti­je­si­dir.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Gah­ry­man Arkadagymyz hal­ka­ra çä­re­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­jek og­lan-gyz­lar bi­len gür­rüň­deş bo­lup, to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň üs­tün­lik­li çy­kyş et­mek­le­ri ug­run­da döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di we ola­ryň hal­ka­ra çä­re­ler­de öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry­ny, türk­men Tu­gu­ny be­lent­de par­lat­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da hal­ky­my­za mah­sus mer­da­na­ly­gy, us­sat­ly­gy we saý­lap alan hü­nä­ri­ne bo­lan yh­la­sy­ny gör­kez­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­di hem-de Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe ýaş­la­ryň be­ýik mak­sat­la­ry­na gol­daw ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ýaş­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­mak­la­ry, ony jan­dan eziz gör­mek­le­ri ba­ra­da mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Hal­ka­ra bäs­le­şik­ler jem­le­nen­den soň­ra, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da at­çy­lyk we at­ly sport çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ne, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň toý-baý­ram­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­jek­di­gi­ne, to­pa­ryň çy­kyş­la­ry­nyň şan­ly wa­ka­la­ry has-da da­ba­ra­lan­dyr­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ka­ra çä­re­ler­de «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň tä­ze oýun­la­ry we çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­ri bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di. Mu­nuň özi be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny üp­jün eder.
To­pa­ryň ag­za­la­ry döw­let de­re­je­sin­de dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan edip, öz­le­ri­ne bil­di­ril­ýän yna­my ab­raý bi­len ödäp, öň­de bol­jak hal­ka­ra bäs­le­şik­ler­de tä­ze ýe­ňiş­le­ri ga­za­nyp, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.
* * *
Şu gün­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew döw­let to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de hal­ka­ra çä­re­le­re ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek üçin Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Kro­nen­berg şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­ýar. Bu ýer­de hal­ky­my­zyň dün­ýä be­ren mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re gat­naş­dy­ryl­ma­gy we onuň çäk­le­rin­de gu­ral­jak çä­re­le­riň gu­ra­ma­çy­ly­gy bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň hal­ka­ra çä­re­le­re gat­na­şy­gy­ny, äh­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk-taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li.
Gu­ral­jak çä­re, onuň ge­çi­ril­jek ýe­ri­ni kes­git­le­mek, mil­li be­zeg iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ze­rur üns be­ril­ýär. Şeý­le hem öň­de bol­jak çä­re­le­re taý­ýar­ly­gyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry ýer­li at­şy­nas­lar, bu ugur bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri alyp bar­ýan hal­ka­ra de­re­je­li hü­när­men­ler bi­len du­şu­şyk­la­ry gu­ra­ýar­lar. Mu­nuň özi ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­jek at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­jak türk­men to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la edil­ýän­di­gi­niň be­ýa­ny­dyr.
Kro­nen­berg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de hal­ka­ra çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga ni­ýet­le­nen meý­dan­ça bi­len ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­si bol­dy. Şun­da at­ly sport ýa­ryş­la­ry­nyň, gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ril­jek ýer­le­ri­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­gyň ter­ti­bi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, meý­dan­ça­nyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň be­zeg­le­ri, dür­li ýaz­gy­lar hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk de­re­je­de ýer­leş­di­ri­ler. Ýer­li hü­när­men­ler­dir at­şy­nas­lar öza­ra tej­ri­be al­şyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men hal­ky­nyň mil­li at­şy­nas­lyk däp­le­ri bi­len iç­gin ta­nyş­mak we ony Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň at­şy­nas­la­ry­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne üns ber­di­ler. Mu­nuň özi dün­ýä ýurt­la­ryn­da at­şy­nas­lyk, aý­ra­tyn-da, ahal­te­ke at­la­ry­ny se­ýis­le­me­giň usul­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ryň bir ýe­re jem­len­me­gin­de we onuň dün­ýä at­şy­nas­la­ry üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gyn­da äh­mi­ýet­li­dir.
Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň türk­men sun­ga­ty­nyň naý­ba­şy gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi mil­li hem-de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­ly­gy ha­sap­lan­ýan be­dew­le­ri­mi­ziň Ýer ýü­zün­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­dy. Mu­nuň özi paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň at­la­ry se­ýis­le­mek bo­ýun­ça ta­ry­hyň do­wa­myn­da dö­re­den nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki yk­rar­na­ma­sy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­lar­da dün­ýä­de uly şöh­rat ga­za­nan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ta­ry­hy­na, ola­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, bäs­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň ter­ti­bi­ne de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Bu bol­sa me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li we top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.