“Pixar” bilen “Disney” studiýalarynyň meşhur animasiýalar toplumy “Oýnawaçlaryň hekaýasy” (Toy Story) multfilminiň 5-nji ekran eseriniň prokatlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi. Girdejisi 1 milliard 28 million dollara golaýlap gelýän animasiýa häzirlikçe ýylyň iň köp kassa ýygymyny toplan ekran eseridir. 19-njy iýundan bäri görkezilip gelinýän multfilm 1 milliard dollardan geçen ýylyň 3-nji, umumylykda-da 63-nji ekran eseri, şol san-da 17-nji animasiýa hökmünde hasaba alyndy. “Oýnawaçlaryň hekaýasy” multfilmleri “Görnüksiz” (Despicable Me) hem-de “Şrek” (Shrek) animasiýalaryndan soň 4 milliard dollardan geçen 3-nji françaýz boldy. Şeýle-de, “Oýnawaçlaryň hekaýasy” multfilmleri 3 bölümi 1 milliard dollardan geçen ilkinji françaýz diýlip bellige alyndy. “Oýnawaçlaryň hekaýasy” 5 “Pixar” studiýasynyň girdejisi 1 milliard dollardan geçen 6-njy animasiýasy bolup, ol bu görkezijä ýeten ilkinji animasiýa studiýasy hökmünde taryha girdi (“Oýnawaçlaryň hekaýasy 3”, “Doriniň gözleginde”, “Täsin maşgala 2”, “Oýnawaçlaryň hekaýasy 4”, “Kellesi garyşyk 2”, “Oýnawaçlaryň hekaýasy 5”).
PDF








