Italýan futbolynyň dünýä belli ýyldyzy, “Milanyň” rowaýaty oýunçysy Franko Barezi 66 ýaşynda aradan çykdy. Ol soňky wagtlarda agyr kesel bilen göreşýärdi.

1960-njy ýylyň 8-nji maýynda Breşiýanyň Trawaliato diýen ýerinde dünýä inen Barezi 1972-nji ýylda “Milanyň” çagalar toparyna goşulýar. Ol şondan soň karýerasyny tutuş “Milanda” tamamlaýar. 1977/78 möwsüminde esasy düzümde ilkinji duşuşygyny geçiren Franko Barezi yzy üznüksiz 20 möwsüm 1996/97 möwsümine çenli “Milanyň” köýnekçesini geýýär. Jemi 719 oýunda meýdança çykan merkezi goragçy şol duşuşyklarda 33 gezek tapawutlanýar.

“Serie A”-da 6 çempionlyk gazanan Barezi “Milan” 2 gezek aşaky liga düşürilende-de toparynda galyp, 2 sapar “Serie B”-niň hem kubogyny eýeleýär. Italiýanyň Super Kubogyny 4 gezek asmana göteren Bareziniň oýnan döwründe “Milan” Italiýanyň Kubogyny gazanmak miýesser etmeýär.

UEFA Çempionlar Ligasyny 3, UEFA Super Kubogyny 2, Interkontinental Kubogy 2 gezek gazanan Barezi Italiýanyň milli ýygyndysynda 81 duşuşykda meýdança çykýar. Diňe 1 gezek gol geçiren Barezi 1982-nji ýylda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen Dünýä Kubogyny gazanýar. 1990-njy ýylda 3-nji, 1994-nji ýylda-da kümüş medala mynasyp bolýar.

Ähli döwürleriň iň ökde merkezi goragçylarynyň hatarynda görkezilýän Franko Barezi 1989-njy ýylda Altyn top ýaryşynda 2-nji orny eýeleýär.

“Milanyň” Maldiniden öňki kapitany bolan Franko Bareziniň geýen 6-njy belgidäki köýnekçesi onuň futboly taşlamagyndan soň klubda hiç kim geýmesiz edilýär. Häzirki wagtda Paolo Maldininiň hem 3-nji belgili köýnekçesini hiç bir futbolçy geýmeýär.

Franko Bareziniň agasy Juseppe Barezi karýerasyny tutuşlaýyn diýen ýaly, “Milanyň” köne bäsdeşi “Interde” geçirýär.

Barezi şu ýylyň başynda Milan we Kortinada geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Juseppe Bergomi bilen alaw göterijileriň biri bolupdy.