Gazagystanyň paýtagty Astanada nusgawy we sanly sport görnüşlerini utgaşdyrýan «Geljegiň oýunlary – 2026» halkara köp ugurly sport ýaryşlarynyň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçirilýän bu iri sport forumyna dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem-de Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen dabaraly çäre emeli aň grafikasy, robotlaşdyrylan şowlar we estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary bilen uly dabaralara beslendi.

Klub formatynda geçirilýän bu bäsleşikde dünýäniň öňdebaryjy halkara toparlary hem-de Gazagystana wekilçilik edýän 11 topar sportuň 8 ugrundan bäsleşýärler. Türgenler fijital futbol, basketbol, söweş sungaty hem-de Dota 2, PUBG ýaly kompýuter oýunlaryndan ilki wirtual arena, soňra bolsa hakyky sport meýdançasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Paýtagtyň 4 sany iri sport desgasynda geçirilýän çäräniň umumy baýrak gaznasy 4,65 million dollara deňdir.

Halkara ýaryşyň guramaçylary bu çäräniň ýurduň halkara ýaryşlary guramakdaky tejribesini artdyrmaga, fijital sporty we kibersporty ösdürmäge hem-de ýaşlary sporta çekmäge uly itergi berjekdigini nygtaýarlar.