Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial işler boýunça departamentiniň taýýarlan seljermelerine görä, 2050-nji ýyla çenli planetanyň ilatynyň 80 göterimden gowragy şäherlerde we kiçi şäherçelerde ýaşar. Şunlukda, dünýä ilatynyň şäherleşmek meýli taryhda öň görülmedik görkezijä ýetip, uly şäherlerde ýaşaýanlaryň sany 4,67 milliard adama deň bolar. Bu bolsa geçen asyryň ortalaryndaky görkezijiden dokuz esse köpdür.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, 1950-2050-nji ýyllary öz içine alýan 100 ýyllyk döwürde adamzat jemgyýetinde düýpli demografik özgerişler bolup geçdi. Eger-de 1950-nji ýylda dünýä ilatynyň diňe 20 göterimi (ýarym milliard adam) uly şäherlerde ýaşan bolsa, 1975-nji ýylda şäher ilatynyň sany ilkinji gezek oba ilatyndan geçdi. 1997-nji ýylda bolsa şäherler ilatynyň sany boýunça iň uly kategoriýa öwrüldi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, planetamyzyň 3,69 milliard ýaşaýjysy (umumy sanyň 45 göterimi) uly şäherlerde ýaşaýar we häzirki wagtda şäherler dünýäniň 104 döwletinde ilatyň iň köp ýaşaýan ýeri hökmünde çykyş edýär.
Şol bir wagtyň özünde oba ýerleriniň ilatynyň paýy yzygiderli azalýar. Geçen asyryň ortalarynda oba ilatynyň paýy 40 göterim bolan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 20 göterime düşdi, 2050-nji ýyla çenli bolsa 17 göterime çenli azalar. BMG-niň çaklamagyna görä, 2046-njy ýylda oba ilatynyň sany taryhdaky iň ýokary derejesine (1,65 milliard adama) ýeter. Şol ýyldan soň bolsa oba ýaşaýjylarynyň diňe bir göterim paýy däl, eýsem hakyky adam sany-da kem-kemden azalyp başlar. Ýakyn onýyllyklarda oba ilatynyň ösüşi diňe Saharanyň günortasyndaky Afrika sebitinde saklanyp galar.
Oba hojalyk önümçiliginiň awtomatlaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, bilimiň hem-da saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili, döwrebap düzüm we giň medeni mümkinçilikler adamlaryň şäherlere ymtylmagynyň esasy sebäpleri hökmünde görkezilýär. Şunlukda, XXI asyryň ortalaryna çenli adamzat taryhynda oba durmuşyndan doly şäher siwilizasiýasyna geçiş tapgyry gutarnykly berkarar bolar.
PDF








