Angliýanyň “Fulham” topary “Real Madridden” birbada 2 futbolçyny transfer etdi. Londonlylar madridlileriň 2 ýaş oýunçysyny – Gonzalo Garsiýany hem-de Sezar Palasiosy düzümine goşdy. Iki oýunçy bilenem 5 ýyllyk şertnama baglaşylyp, “Fulham” 22 ýaşyndaky hüjümçi Gonzalo Garsiýa üçin ispan toparyna 40+2 million ýewro tölär. Şeýle-de, oýunçynyň indiki transferiniň 30 göterimi madridlilere berler. Iňlisler 21 ýaşyndaky ýarymgoragçy Palasios üçin bolsa 10 million ýewro tölär. Garsiýa “Realda” 51 oýunda 13 gol geçirse, Palasiosa 7 duşuşykda tapawutlanmak başartmady. Garsiýa täze toparynda 7-nji, Palasios 8-nji belgide oýnar.
PDF








