Amerikanyň «Tesla» kompaniýasy Kaliforniýa ştatynyň Frimont şäherindäki kärhanasynda 10 millionynjy elektromobilini öndürip, taryhy sepgide ýetendigini yglan etdi. Yzygiderli ösüş gazanýan öndüriji şu ýylyň birinji ýarymynda bütin dünýäde 830 müňden gowrak ulag satandygynhy mälim etdi. Şunda ikinji çärýekde sarp edijilere ýetirilen 480 müňden gowrak awtoulag kompaniýanyň taryhynda degişli döwür üçin iň ýokary görkezijileriň biri boldy. Önümçiligiň we islegiň esasy bölegi ABŞ-daky hem-da Hytaýdaky kärhanalarda öndürilýän «Model 3» we «Model Y» kysymlarynyň paýyna düşýär.
Bu uly üstünligiň gazanylmagynda Hytaýdaky «Gigafactory Shanghai» zawody aýratyn orun eýeledi. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen bu kärhanada häzirki wagta çenli 4,5 milliondan gowrak elektrik ulagy çykarylyp, ol kompaniýanyň umumy önümçiliginiň 45 göteriminden gowragyny üpjün edýär. «Shanghai Securities News» neşiriniň habar bermegine görä, logistikany döwrebaplaşdyrmak Aziýa we Ýewropa bazarlaryna awtoulaglary gowşurmak möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berdi hem-da global awtoulag senagatynyň elektrik transportyna köpçülikleýin geçýändigini ýene bir gezek tassyklady.
PDF








