2023-nji ýylyň başyndan bäri “Amazon”, “Google”, “Microsoft” we “Meta” kompaniýalary emeli aňy ösdürmäge, esasan hem, maglumat merkezlerine, çiplere we energiýa 1,1 trillion dollar gönükdirdiler. “Financial Times” neşiriniň habar bermegine görä, diňe 2026-njy ýylda bu çykdajylaryň ýene 745 milliard dollar artmagyna garaşylýar. Bilermenleriň aladalaryna garamazdan, bu maýa goýumlar eýýäm öz netijesini berip başlady: bulut hyzmatlarynyň ösüşi çaltlandy, “Meta” bolsa mahabat girdejilerini 28 göterim artdyrdy.