Daniýanyň şa gyzy Izabella goşunda harby gullugy geçip başlady diýip, ýurduň BT gazeti habar berdi.
«Şa gyzy Izabella şu duşenbe güni Slagelsdäki Antworskow harby ýatakhanasyna geldi, ol ýerde Izabella gusar gwardiýa polkunda 11 aýlyk harby gullugy geçer» diýlip, habarda aýdylýar.
Neşir şa gyzynyň 8,3 müň kron möçberde ýaşamak üçin kömek pulundan hem-de 9 müň kron aýlyk hakyndan ýüz öwrendigini ýazýar. Şa gyzy bäş aýlyk başlangyç harby taýýarlykdan soňra, alty aýlap söweş we amaly türgenleşikleriň tapgyryny geçer.
Ondan öň gusar gwardiýa polkunda mirasdüşer şazada Kristian hem harby gullugy geçipdi.
Daniýanyň harby goşunlarynda gulluk etmegiň möhletini uzaltmak barada ýurduň Parlamenti 2024-nji ýylda çözgüt kabul etdi. 2026-njy ýylda karar güýje girdi. Bu ýyl ýurtda harby gulluga 1,6 müň adam çagyryldy.
PDF








