Arap işewürlik konsersiumynyň eýeçiligindäki Angliýanyň “Nýukasl” toparynyň tälimçisi çalşyldy. Ozalky tälimçi Eddi Howuň öz islegi bilen wezipeden çekilmeginden soň onuň ornuna germaniýaly Mattias Ýaýssle bellenildi. 38 ýaşyndaky hünärmen 2023-nji tomsundan bäri Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” toparyny türgenleşdirip gelýärdi. “Nýukasl” topary ýaş tälimçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýaýssle “Al-Ahli” toparynda kluba AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynda 2 çempionlyk, şol sanda Saud Arabystanynyň Super Kubogyny gazandyrdy. Ol “Al-Ahliden” öň Awstriýada “RB Salsburg” toparyny türgenleşdirip, bu kluby milli çempionatda 2 gezek çempion edipdi. Awstriýanyň Kubogyny hem gazanan Ýaýssle tälimçilik karýerasyna 2021-nji ýylda 33 ýaşynda Awstriýanyň “Lifering” toparynda başlapdy.

“Nýukasl” toparynyň öňki tälimçisi Eddi How klubuň arap maýadarlarynyň satyn almagyndan soň, ýagny 2021-nji ýylda wezipä bellenipdi. Angliýaly hünärmen 5 möwsümde 231 oýunda 112 ýeňiş gazandy, 71 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar boldy. “Nýukasl” onuň tälimçiliginde 2 gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşdy.

“Nýukasl” topary şu tomusda Antoni Gordony 80 million ýewro “Barselona”, Sandro Tonalini bolsa 108 million ýewro “Tottenhama” ugratdy. Ýakyn günlerde toparyň kapitany Bruno Gimaraýnsyň hem Arsenala geçmegine garaşylýar.