Alýaskanyň adaty bolmadyk Wittiýer şäherinde howanyň aşa sowukdygy sebäpli ähli ilat bir binada ýaşaýar. Dagyň eteginde gurlan 14 gatly binanyň içine gireniňde tutuş şäheriň bir gurluşda jemlenendigine göz ýetirýärsiň. 300-e golaý ilaty bolan Wittiýer çetde ýerleşýän şäherleriň biri bolmak bilen bir hatarda, bir binada jemlenen ýaşaýjylary bilen görenleri haýran galdyrýar. Ägirt uly ýaşaýyş taslamasynyň içinde mekdepden başlap polisiýa bölümine çenli ähli jemgyýetçilik edaralary göz öňünde tutulypdyr. «Begiç diňleri» diýlip atlandyrylýan bu binanyň birinji we aşaky gatynda poçta bölümi, kiçi bazar, polisiýa bölümi, saglyk merkezi, şäher häkimligi we ybadathana ýerleşýär. Ýaşaýjylar sowuk howada daşary çykmazdan, azyk önümlerini satyn alyp, resmi işlerini bitirip bilýärler.
Bu bina 1950-nji ýyllarda harbylar üçin gurlupdyr. Ähli zerur zatlary öz içine alýan toplumda esgerler we olaryň maşgalalary gyşyň aşa sowuk günlerini içerde geçiripdirler. Wagtyň geçmegi bilen harbylar ol ýerden çekilenden soň, raýatlar bu binany özboluşly ýaşaýyş merkezine öwrüpdirler.
«Bir üçegiň aşagynda ýerleşýän şäheriň» iň geň galdyryjy tarapy orta mekdebiň toplumyň arka tarapynda ýerleşmegidir. Şäheriň mekdebe gatnaýan çagalary garyň syrgynlap ýagýan günlerinde hem daşary çykmazdan, içerde okap bilýärler. Çagalar mekdebe gitmek üçin lifte münüp, birinji gata düşmeli. Soňra gysga ýerasty tunnel arkaly ýöräp, mekdebe barmaly.
Şäheriň tutuş administrasiýasy täsin binanyň içindäki berk ulgam bilen baglanyşyklydyr. Şäher häkimi, şäher geňeşiniň agzalary we şäheriň howpsuzlygy üçin jogapkär polisiýa işgärleri raýatlar bilen bir binada ýaşaýar. Şikaýat ýa-da resmi haýyşlar bilen ýüz tutulanda müdirleriň iş ýerine barmak üçin bary-ýogy birnäçe basgançak ýöräýmeli. Binanyň içinde her kim biri-birini tanaýandygy sebäpli, howpsuz we asuda durmuş üpjün edilýär.
«Begiç diňlerine» daşardan ýeke-täk ýol arkaly – 4 kilometr uzynlykdaky bir zolakly Anton Anderson tunneli arkaly baryp bolýar. Otly we awtoulag gatnawy üçin niýetlenen bu tunnel gijesine ýapylýar. Şol sebäpli şäheriň ýaşaýjylary zerur bolmadyk halatynda daşary çykmaýarlar.
Gyşda garyň galyňlygy 7 metrden, ýeliň tizligi sagatda 100 kilometrden geçýän bu sebitde adamlaryň bir binanyň içinde ýaşamagy haýran galdyrmak üçin däl-de, zerurlyk hasaplanylýar. Bu toplum ýaşaýjylaryň ähli zerurlygyny kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, raýatlaryň daşky tebigy şertlerde ýüze çykyp biljek howpsuzlygyny hem üpjün edýär.
PDF








