Hin­dis­ta­nyň giň to­kaý­la­ryn­da giz­le­nen Mau­lin­nong Azi­ýa­nyň iň aras­sa oba­sy ha­sap­lan­ýar. Mau­lin­nong oba­sy di­ňe aras­sa kö­çe­le­ri däl, eý­sem, daş­ky gur­şa­wyň aras­sa­ly­gy bi­len hem gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Di­ňe poç­ta ar­ka­ly ara­gat­na­şyk sak­lan­ýan bu oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň äh­li­si so­wat­ly bo­lup, berk düz­gün-ter­ti­be eýer­ýär­ler. 1 ine­dör­dül ki­lo­met­re go­laý meý­da­ny tut­ýan Mau­lin­nong oba­syn­da plas­tik önüm­ler we ga­lyn­dy­lar düý­bün­den ga­bat gel­me­ýär. Ýyl­lar­bo­ýy hä­zir­ki za­man dur­mu­şyn­dan uzak­da ga­lan öz­bo­luş­ly obanyň aras­sa ho­wa­sy we te­bi­ga­ty şä­her­ler bi­len bäs­leş­ýär.
Meg­ha­la­ýa şta­tyn­daky bu ki­çi­jik oba ir­ki ýyl­lar­da daş­ky dün­ýä­den üz­ňe­lik­de ýa­şa­ýar. Şol ýyl­lar ýer­li ilat bi­len ýur­duň şä­her­le­ridir beýleki oba­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ýe­ke-täk bag­la­ny­şyk kyn dag ýol­la­ryn­dan ge­çip, oba ha­bar ge­tir­ýän poç­ta­çy bo­lup­dyr. Adat­ça, oba­da poç­ta­çy il­çi hök­mün­de gör­lüp­dir. Onuň oba hat ýa-da ga­zet ge­tir­me­gi ýer­li ilat üçin ada­ty bir zat däl-de, mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik wa­ka­sy ha­sap­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lar we beý­le­ki adam­lar üçin açyk bo­lan bu oba­da hep­dä­niň al­ty gü­ni myh­man­lar ka­bul edil­ýär. Mau­lin­nong­da­ky düz­gün­le­re gö­rä, ýek­şen­be gü­ni nä­ta­nyş adam­la­ryň oba gel­me­gi ga­da­gan edil­ýär. Ki­çi­jik oba­da güý­men­je en­jam­la­ry, şä­her te­le­fon ul­ga­my we in­ter­net ýok. Ýa­şaý­jy­lar elekt­rik to­gy dur­nuk­syz bo­lan­dy­gy we sig­nal çyk­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, öý­jük­li te­le­fon ar­ka­ly seýrek ha­bar­la­şyp bil­ýär­ler.
Tak­my­nan, 600 adamlyk ila­ty bo­lan oba­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ýa­şaý­jy­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Oba­da ýa­şa­ýan her bir adam dog­duk me­ka­ny­ny aras­sa sak­la­ma­gy özü­ne ýö­rel­ge edinipdir. 2003-nji ýyl­da «Discover In­dia» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan Azi­ýa­nyň iň aras­sa oba­sy diý­lip yk­rar edi­len Mau­lin­non­gyň her kün­je­gin­de bam­buk aga­jyn­dan el­de do­ka­lan zi­bil gu­tu­la­ry bar. Plas­tik önüm­le­riň ula­nyl­ma­gy düý­bün­den ga­da­gan edi­len bu oba­da ýe­re tüý­kür­mek we çi­lim çek­mek agyr je­za­la­ra se­bäp bol­ýar. Aş­ha­na­dan, za­ýa­la­nan gök önüm­ler­den ýyg­na­lan or­ga­nik ga­lyn­dy­lar bam­buk gu­tu­la­ra ok­lan­ýar, soň­ra ýe­re göm­lüp, oba ho­ja­lyk üçin ze­rur bo­lan te­bi­gy dö­kün taý­ýar­la­nyl­ýar. Her gün ir­den ça­ga­lar­dan baş­lap gar­ry­la­ra çen­li äh­li ýa­şaý­jy­la­r gün­de­lik iş­le­ri­ne baş­la­maz­dan öň, how­lu­sy­ny we kö­çä­ni sü­pür­ýär­ler.
Mau­lin­nong oba­sy diňe aras­sa­ly­gy däl, eý­sem, jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Kha­si taý­pa­sy­nyň ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan bu top­rak­da ne­sil da­rag­ty ata ta­rap­dan däl-de, ene ar­ka­ly do­wam ed­ýär. Ça­ga­lar ene­si­niň fa­mi­li­ýa­sy­ny gö­ter­ýär­ler. Maş­ga­la­nyň äh­li em­lä­gi we ho­ja­lyk borç­la­ry körpe gy­za mi­ras gal­ýar.
Mau­lin­nong­da­ky aga­jyň kö­kün­den ýa­sa­lan «di­ri köp­rü­ler» oba­nyň te­bi­gy tä­sin­li­gi ha­sap­lan­ýar. Agaç­la­ryň kö­kü­ni su­wuň üs­tün­den ge­çir­mek we ör­mek ar­ka­ly bir­nä­çe ýylyň do­wa­myn­da eme­le gel­ýän «di­ri köp­rü­ler» te­bi­gat bi­len in­že­ner­çi­li­giň saz­la­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip bi­lin­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.