Angliýanyň “Lids Ýunaýted” topary “Mançester Sitiniň” derwezeçisi Jeýms Traffordy 47 million ýewro transfer etdi. 23 ýaşyndaky iňlis derwezeçisi täze kluby bilen 5 ýyllyk geleşige gol çekişdi. Ol “Lidsiň” iň gymmat transferi bolmak bilen transferine iň köp pul tölenen angliýaly derwezeçi boldy.

2021-nji ýylda “Mançester Sitide” futbola başlan Trafford “Akkrington Stenli”, “Bolton” klublarynda kärendesine oýnap, 2023-nji ýylda “Börnli” toparyna transfer boldy. 2025-nji ýylyň tomsunda täzeden “Mançester Siti” toparyna dolanan Trafford 17-si şäherlileriň düzüminde, jemi 177 duşuşykda derwezäni gorady.

Onuň Angliýanyň milli ýygyndysy bilen 2 duşuşygy bar.