7-nji awgustda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Çolpon-Ata şäherinde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy. Žaparow gepleşikleriň özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigini nygtan bolsa, Paşinýan Gyrgyzystanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berdi hem-de ýurdy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagy bilen gutlady. Taraplar Günorta Kawkazda ulag arabaglanşygynyň gowulanmagynyň özara söwdany ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly hyzmatdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.
PDF








